Sürüm işleri geçirilýär
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Sürüm işleri geçirilýär

Ykdysadyýet
11.07.2024  359

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýerleri geljek ýylyň galla hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlamak işi öndürijilikli alnyp barylýar. Hasyldan boşan ýerler bugdaý samanlaryndan arassalanýar, sürüm işleri geçirilýär. Sürüm işlerinde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna degişli tehnikalaryň 26-sy işledilýär. Şu tehnikalaryň saz işlemegi netijesinde, her günde etrap boýunça 200 —250 gektar ýerde sürüm işleri geçirilýär. Kärendeçiler hem özleriniň garamagyndaky ýerleriň gyra-töwereklerini, çilleri, suw geljek ýaplary guran ot-çöplerden, gyrmançalardan arassalaýarlar. Şu günlerden ykjam taýýarlyk görülmegi güýzlik bugdaý ekişini öz wagtynda geçirmäge mümkinçilik berer.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar
16.04.2024   360
Ykdysadyýet Görkana gülleriň aşygy
14.03.2025   325
Ykdysadyýet «Ak altyn» harmany beýgelýär
19.09.2025   193
Ykdysadyýet Aýgytly günlerdäki yhlasly zähmet
11.06.2026   138
Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
14.04.2026   107
Ykdysadyýet Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar
04.04.2026   110
Ykdysadyýet Bol hasyla ynam bilen
31.01.2023   383
Ykdysadyýet Şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär
07.05.2025   259
image