Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Awtomobil ulaglary ministrliginiň hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň bilelikde ýurdumyzyň awtoulag we ýol hojalyk ulgamlarynyň işgärlerini öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirmek, bellenilen sepgitlere ýetmäge ruhlandyrmak maksady bilen, yglan eden «Döwrüm bagtyýar, ýolum ygtybar» atly hünär bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatyň ulag hem-de ýol gurluşyk ulgamyna degişli önümçilik kärhanalarynyň sürüjileri gatnaşdylar.
Bäsleşik iki ugur boýunça, ýagny ýolagçy hem-de ýük awtoulaglarynyň sürüjileriniň arasynda guralyp, olara gatnaşyjylar hödürlenilen şertlere laýyklykda, öz iş tejribeleriniň esasynda eýe bolan bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezmäge çalyşdylar. Olaryň bu babatdaky netijelerine emin agzalary mynasyp baha berildi.
Netijede, ýük awtoulaglarynyň sürüjileriniň arasynda Daşoguz ýol gurluşyk we abatlaýyş önümçilik kärhanasynyň sürüjisi Aýbek Baltabaýew, ýolagçy awtoulaglarynyň sürüjileriniň arasynda «Daşoguzawtoulaglary» önümçilik birleşiginiň sürüjisi Wepa Abdyllaýew 1-nji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şonuň ýaly-da, bäsleşige gatnaşan Daşoguz awtomobil ýollaryny ulanyş müdirliginiň sürüjileri Meýlis Tuwakow, Çowdur Şiriýew, Daşoguz ýol gurluşyk we abatlaýyş önümçilik kärhanasynyň sürüjisi Maksat Ataberdiýew, «Daşoguzawtoulaglary» önümçilik birleşiginiň sürüjisi Adylbek Ýusupow dagy degişli ugurlar boýunça tapawutlanmagy başardylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine, aýratyn tapawutlananlaryna TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.