Sürüjileriň hünär bäsleşigi
weather dashoguz 11° C Daşoguz

Sürüjileriň hünär bäsleşigi

Jemgyýet
16.11.2024  233

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag pudagyny ösdürmek baradaky taýsyz tagallalardan ugur alnyp, awtoulag we ýol hojalyk işgärlerini öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine ugrukdyrmak, öz kärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, TKAMM-niň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň bilelikde yglan eden «Döwrüm bagtyýar, ýolum ygtybar» atly hünär bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guran bu bäsleşigine degişli kärhanalaryň sürüjileri, ýol-hojalyk işgärleri gatnaşdylar. Olar bellenen şertler boýunça öz ukyp-başarnyklaryny, bilimlerini doly görkezmäge çalyşdylar. Eminleriň gelen netijelerine görä, ýolagçy awtoulaglarynyň sürüjileriniň arasynda «Daşoguzawtoulaglary» önümçilik birleşiginiň ýolagçy awtoulaglar toplumynyň sürüjisi Baýramsähet Modyýew, ýük awtoulaglarynyň sürüjileriniň arasynda Daşoguz awtomobil ýollaryny ulanyş müdirliginiň sürüjisi Söhbet Ullaýew ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy hem-de olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby
03.12.2024   244
Jemgyýet Çaý
29.07.2025   73
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
10.01.2025   236
Jemgyýet Ýaş nesiller barada alada
30.10.2025   19
Jemgyýet Suwda seresap bolmaly!
12.05.2025   139
Jemgyýet «Myradym nesihat etmekdir halka»
09.07.2024   244
image