Sünnäli işiň ussatlary
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Sünnäli işiň ussatlary

Jemgyýet
23.05.2025  233

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Zergärçilik sungatym — miras daragtym» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan, Şabat etrabyndaky 39-njy orta mekdebiň mugallymy Güljan Nazarowa bilen TOHI-niň talyby Nazarmät Tirkeşmädowdan ybarat topar bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 1-nji orna mynasyp boldy.

Sünnäli işiň ussatlary bäsleşigiň şertlerinde bellenenleri örän ezberlik bilen ýerine ýetirip, özleriniň aýratyn ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezdiler. Olaryň ýerine ýetiren çykyşlarynda hem işlerinde zamana buýsanç, milli gymmatlyklarymyzy, zergärçilik sungatyny dowam etdirmek, ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak bilen bagly işleriň giň gerimliligi doly ýüze çykdy. Welaýatyň ussat zergärleriniň ýerine ýetiren işleri beýleki toparlar hem-de eminler tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Toparyň gazanan üstünligi Daşoguz welaýatynyň zähmet adamlarynyň, öz işine ussatlarynyň döwür bilen aýakdaş gidýändigini doly açyp görkezdi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
23.01.2025   285
Jemgyýet Dabaraly maslahat
13.02.2025   267
Jemgyýet Awazanyň sapaly goýnunda
12.11.2024   314
Jemgyýet Pähim-paýhas ummanyndan damjalar
06.11.2024   383
Jemgyýet Parahatçylygyň, dost-doganlygyň forumy
04.08.2025   165
image