Sünnäli işiň söhbedi
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Sünnäli işiň söhbedi

Jemgyýet
02.05.2026  30

Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülip, bagtyýar döwrümiziň bedew batly ösüşleri bilen sazlaşýan baý medeni mirasymyzy, gadymy milli gymmatlyklarymyzy mynasyp dowam etdirmek, olary täze röwüşde baýlaşdyrmak babatda türkmen gyz-gelinleriniň aýratyn uly orny, mynasyp paýy bar. Türkmen zenanlarynyň sungat derejesinde döredýän gözellikleri durmuşymyza aýratyn mazmun çaýýar. Şol gözellikler bolsa ynsan ruhuny belende göterýär. Ynsan kalbyna täsir etmek, göwnüni götermek, zehiniňi, yhlasyňy, söýgiňi siňdirip döreden işleriňden lezzet almak olary döredýän adamlar üçin uly bagt bolsa gerek.

Şeýle asylly işler bilen meşgullanýan gyz-gelinler Daşoguz welaýatynda näçe diýseň bar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Zer gadyryn zergär biler» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyrynda 1-nji orna mynasyp bolup, onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan, Daşoguz şäherindäki 22-nji orta mekdebiň surat-çyzuw mugallymy, zergär Çemen Käbeýewa öz ýasaýan şaý-sepleri barada şeýle gürrüň berdi:

— Zergärçilik sungaty başlangyjyny şekillendiriş sungatyndan alyp gaýdýar. Zergär bolmak üçin surat çekmäge ukybyň bolmaly. Men çagalygymdan tebigat gözellikleriniň suratyny çekmegi halaýardym. 6-njy synpda okaýarkam Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebine gatnap başladym. Surat çekmegiň inçe tärlerini ele aldym. Surat çekmäge höwesim milli şaý-sepleriň jadyly dünýäsine aralaşmagyma itergi berdi. Orta mekdebi tamamlap, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna okuwa girdim. 2025-nji ýylda okuwymy zergärçilik hünäri boýunça tamamladym. Häzirki wagtda esasy işimiň daşyndan ýörite ussahanamda zergärçilik bilen meşgullanýaryn.

 Türkmen gyz-gelinlerine mahsus bolan el işleriniň ählisiniň düýp özeni birmeňzeş diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Çünki hala, keşdä salynýan nagyşlar ýaly, zergärçilikde hem ilki ölçeg alynýar. Täze döretjek eseriň barada ymykly netijä geleniňden soň, onuň çyzgysy çyzylýar. Soňra kompýuterde taýýarlanylan ülňi şaý-sep ýasaljak materialyň, isle ol kümüş bolsun, ýa-da latun, ýüzüne geçirilýär. Kesip aýyrmaly, deşmeli ýerleri ilki edilýär. Arassalaýjy enjam bilen arassalanandan soň, ýörite gurallaryň kömegi arkaly nagyşlar bilen sünnälenýär. Islegiňe görä gaşlar dakylýar. Işiňi sünnäläp, oňa yhlas bilen çemeleşdigiňçe, döreden eseriň kalbyňa aram berip, täze eserleri döretmäge bolan hyjuw peýda bolýar. Halypalarym hemişe «Döreden eseriň seniň ýüzüň tuwagy» diýýär. Yhlas hem mähir bilen döredilen eser hemmeleriň söýgüsine mynasyp bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Aýjemal Çaryýewa, Şirin Gylyjowa meniň ilkinji halypalarym. Olaryň berýän maslahatlary bu ugurda maňa hemişe ýol-ýörelge. Okaýan döwrümde «Sülgüniň» şekilini ýasamak boýunça taýýarlan diplom işim halypa mugallymlar tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Halypalardan alan tälimlerim esasynda başardygymdan gadymy şaý-sepleriň nusgalaryna döwrebap öwüşgin berip ýasamaga çalyşýaryn.

 Hakyky daşlardan ýasalan şaý-seplere has köp isleg bildirilýär. Köplenç, müşderiler buýurma bereninde meniň öz döredijiligime bil baglaýarlar. Tumarlar, egme, gupba ýaly şaý-sepler has köp wagty hem zähmeti talap edýär. Özüm, köplenç, ýüzük, gulakhalka, asyk ýasamagy halaýaryn. Häzirki wagtda «Zer gadyryn zergär biler» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna «Ak şäherim Aşgabat» atly boýun bezegini ýasaýaryn. Bu eseriň üsti bilen gözel paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini nagyşlaryň hem hakyk, pöwrize daşlary, şelpeler hem gaş aralyklary bilen sünnäläp, wasp etmäge aýratyn üns berýärin.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Atda aýak bolsa...»
06.04.2026   19
Jemgyýet Bitaraplyk — parahatçylygyň binýady
04.10.2025   125
Jemgyýet Syýasy işjeňlik — döwre ýaraşyk
28.03.2025   306
Jemgyýet Şalynyň idegi ýokary depginde
31.07.2025   159
Jemgyýet Halkara olimpiadanyň ýeňijileri
05.04.2024   466
Jemgyýet Magtymguly — halkyň beýik danasy
22.07.2024   354
Jemgyýet «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025»
08.03.2025   422
Jemgyýet Köne güzer
11.02.2025   364
image