(Zarisowka)
Bu dergähiň bosagasyndan ätlän badyňa diwarlara asylan suratlarda, dälizleri bezeýän heýkellerde gözüň eglenýär. Çagalaryň çeken suratlaryny synlap, duýgularyň reňbe-reňligine, pikirleriň her tüýsli şekillerden ybaratdygyna haýran galýarsyň. Barlygyň adaty göze görünmeýän reňklerini, üýtgeşik şekillerini görüp bilmek hem zehin. Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebi bizi şeýle duýgular bilen garşy aldy.
Tälim-terbiýe meselesinde çagany heniz syýadyr tegmil degmedik arassa ak kagyza meňzedýärler. Suratkeşiň zehini, ylhamy bilen bir bölek ak kendir mata hem sungat eserine öwrülýär. Mekdebiň tejribeli mugallymlarynyň yhlasy bilen bolsa çeperçilik sungatyna höwesli ýaş zehinlerde döredijilik endikleri, özboluşly görüş, pikirleniş ukyplary kemala gelýär. Olar bu bilim ojagynda kem-kemden kämillige gol berýärler. Çeperçilik mekdebini äpet miweli daragta meňzetsek, bu ýerde bilim alýan ýaşajyk nakgaşlary, heýkeltaraşlary, suratkeşleri türkmen şekillendiriş sungatynyň täze düwen nowçalary hasaplap bolar.
...Grafika sapagynda okuwçylaryň diňe ak kagyzdyr gara galam bilen döredýän eserlerini synlap, sungatyň ýönekeýdigine, emma şol bir wagtyň özünde inçeden nepisdigine göz ýetirmek bolýar. Kagyzyň ýüzünde laýner-galamda çyzylan inçe çyzyklar şekillendiriş sungatynyň näzikligi talap edýändigini yşarat edýär.
Olaryň çekýän suratlarynda bagtyýar çagalygyň alamatlary şöhlelenýär. Ýaş suratkeşleriň palitrada dürli reňkleri biri-birine utgaşdyryp alýan täze öwüşginleri çaga kalby bilen reňkdeş, çagalyk dünýäsi bilen sazlaşykly ýaly duýulýar. Şekillerde çaga şadyýanlygy, onuň bigubar duýgulary mese-mälim görünýär.
Halyçylyk bölüminde tälim alýan çagalar gadymy dokmaçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenýärler. Gobelen eserlerinde çaga duýgularydyr pikirleri eriş-argaç bolup, gözel görnüşleri göz öňüňde janlandyrýar. Mekdebiň mugallymy Çemen Käbeliýewa hem gobeleniň sapaklaryň däl-de, «duýgularyň» çitiminden döreýändigine ynanýar. Mugallym bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol çeperçilik mekdebiniň üstünlikleri hakynda buýsanç bilen gürrüň berdi.
— Okuwçylarymyz döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň guramagynda «Tebigaty gorap saklamagyň ähmiýeti» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda mekdebimizden Dilnaza Sapaýewa birinji, Mariýa Begjanowa ikinji, Bibipatma Mämedowa üçünji orunlary eýelediler. 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de «Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli TÜRKSOÝ-nyň guramagynda çagalaryň arasynda düzme ýazmak we surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Şonda ýaş suratkeşleriň arasynda zehinli okuwçymyz Madina Kalandarowa baýrakly orna mynasyp boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda geçirilen «Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginde okuwçymyz Sulaýman Jabbarow öz deň-duşlarynyň arasynda surat çekmek boýunça birinji orna, degişli derejedäki diploma, Serwinäz Şirmamedowa, Elmira Umarowa, Narmina Reimowa dagy Hormat hatlaryna, sowgatlara mynasyp boldular. Mundan başga-da, mekdebiň meýilnamasy esasynda baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli geçirilýän sergiler, hasabat sergileri, açyk asmanyň astyndaky tejribe okuwlary çagalaryň kämilleşmegine mümkinçilik berýär.
...Dälizleriň ugrunda sergilendirilen nakgaşçylyk, şekillendiriş, heýkeltaraşlyk eserleriniň aglabasynda türkmen tebigatynyň ajaýyplyklary, döwrebap obadyr şäherleriň, taryhy ýadygärlikleriň gözel görnüşleri şekillendirilipdir. Munuň özi, ata Watanymyzyň baky bagtyýarlyga beslenen goýnunda ýaş nesliň kemala gelýändiginiň, olaryň watansöýüjilik, milli buýsanç ruhunda terbiýelenýändiginiň aýdyň güwäsidir.