Sungat ojagyndaky bäsleşik
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Sungat ojagyndaky bäsleşik

Medeniýet
21.10.2025  144

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda milli medeniýetimizi sungatymyzy ösdürmäge ýokary derejede üns berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän işler aýratyn belläp geçmäge mynasyp. Esasan hem milli saz guralymyz bolan dutarda saz çalmak, aýdym aýtmak, ata-babalarymyzdan miras bolup arkama-arka geçip gelýän halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegini gazanmak maksadynda hem sungat älemine täze gadam basan ýaşlaryň bu ugra bolan höweslerini artdyrmak, täze ýaş zehinleri ýüze çykarmak boýunça dürli medeni çäreler, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Ençeme halypa bagşy-sazandalaryň kemala gelen topragynda önüp-ösüp, olaryň ýoluny dowam etdirmegi ýüreginde besläp, goşa tara erk edip, şirin mukamlary çalmagyň, halypalaryň döredip giden aýdymlaryny aýtmagyň inçe tilsimlerini öwrenmäge başlan ýaş bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän şeýle bäsleşikler olaryň bu ugra hasam yhlasly ýapyşmaklaryna, öz üstlerinde irginsiz işläp kämilleşmeklerine uly itergi berýär.

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap geňeşi etrapdaky çagalar sungat mekdebinde «Halypalaryň ýoly bilen» atly aýdym-sazly bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşýan okuwçylar Watanymyzy, bagtyýar döwrümizi, ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri wasp edýän aýdymlaryň birini ýerine ýetirmek bilen öz başarnyklaryny görkezdiler. Eminler toparynyň agzalary okuwçylaryň saz çalyşlaryna, aýdym aýdyşlaryna baha berip, olaryň arasyndan has zehinli ýaşlary ýüze çykardylar. Netijede, etrapdaky çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň 3-nji synp okuwçysy Ahmet Baýramgeldiýew 1-nji orna, bagşy hünäriniň 4-nji synpynda okaýan okuwçylary Mergen Goçnazarow 2-nji orna, Batyr Tekäýew 3-nji orna mynasyp boldular. Aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijilerine TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de çagalar sungat mekdebiniň Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Meňzeş habarlar

Medeniýet Halkymyzyň buýsanjy
25.10.2023   895
Medeniýet Inçe işiň ussatlary
12.11.2025   163
Medeniýet Mirasa sarpaly Watan
21.03.2024   493
Medeniýet Milli medeniýetiň galkynyşy
04.06.2024   591
Medeniýet Nusgawy edebiýatda bedewiň waspy
06.05.2024   1052
Medeniýet Keteni
13.10.2025   185
Medeniýet Gadymy sungatyň ýaş muşdaklary
06.06.2026   15
image