Şükranalygyň we hoşniýetliligiň baýramy
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Şükranalygyň we hoşniýetliligiň baýramy

Jemgyýet
22.05.2026  103

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda milli däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz bilen sazlaşyp, döwürleriň we nesilleriň arasyndaky taryhy arabaglanyşygy berkidýän baýramlaryň biri Gurban baýramydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Biz halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli däp-dessurlaryna, dinine-ýörelgesine, diline-medeniýetine eýe bolduk. Bu mukaddes gymmatlyklary goramak, ösdürmek, özümiz bilen öňe alyp gitmek, geljek nesillerimize ýetirmek, nesillerimizi şu ruhda terbiýelemek mümkinçiligine eýe bolduk. Biziň Garaşsyzlyk gazanmagymyzyň manysy hem, Bitaraplyga eýe bolmagymyzyň manysy hem şundadyr» diýip belleýär.

Adamzadyň iň tämiz ahlak we ruhy gözelliklerini, ajaýyp duýgularyny kämilleşdirýän bu mukaddes baýram geçirimlilik, sabyrlylyk, hoşniýetlilik ýaly asylly häsiýetleriň berkemegi babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygyny, milletimiziň ahlak kämilligini pugtalandyrmakda milli we dini gymmatlyklarymyzyň rowaçlyga beslenmegi bilen, bu baýram ýurdumyzda mynasyp garşy alynýar. Hormatly Prezidentimiziň sahawatly Permany esasynda Gurban baýramy üç günläp uly dabara beslenip bellenilip geçilýär. Bu mukaddes baýramyň şanyna döwlet derejesinde şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrýan baý mazmunly aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri geçirilip, olardaky köpöwüşginli pursatlar kalplary joşa getirýär. Baýram gününiň ir säheri metjitlerde baýram namazy okalyp, onda dünýäde parahatçylyk we dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi dileg edilýär.

Her bir türkmen ojagynda däp boýunça gurbanlyga mahsus milli tagamlar taýýarlanylýar, sadakalar berilýär. Bereketli desterhanyň başynda kalplary aklyga, niýetleri päklige besläp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň we tutuş adamzadyň parahat durmuşynyň bähbidine gönükdirilen beýik işlerine rowaçlygyň ýar bolmagy, Watanymyzyň abadançylygy hem-de halkymyzyň bagtyýarlygy üçin doga-dilegler edilýär.

Gurban baýramy — halallygyň, agzybirligiň, şükranalygyň, birek-birek bilen hoşniýetli didarlaşmagyň baýramy. Bu mübärek aýda hormatly Prezidentimiziň karary esasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň uly toparynyň yslam dininiň parz amallaryny berjaý etmegi üçin Mekgä we Medinä zyýarata iberilmegi halkymyzyň ruhy ýörelgelerine ygrarlylygynyň subutnamasydyr. Bu bolsa jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygynyň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gymmatly eseriň buýsançly söhbedi
12.04.2024   470
Jemgyýet Maslahat geçirildi
02.10.2025   197
Jemgyýet Dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlyk
05.08.2025   252
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi
13.09.2024   454
Jemgyýet Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna
22.11.2024   474
image