Şu günki yhlas — ertirki üstünlik
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Şu günki yhlas — ertirki üstünlik

Jemgyýet
04.04.2024  371

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gowaça ekişini, şonuň ýaly-da atyz-meýdanlardaky bugdaýa ideg çärelerini ýokary depginlerde alyp barmak şu günleriň esasy wezipesi bolup durýar. Şundan ugur almak, bilen Daşoguz welaýatynyň pagtaçy, gallaçy daýhanlary bu ugurlardaky iş-aladalary giň gerim bilen ýaýbaňlandyrýarlar. Munuň özi bereketli hasylyň kemala getirilmeginiň esasy şertidir.

Şeýle jogapkärli döwürde welaýatyň Görogly etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň alyp barýan işleriniň mysalynda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar.  Belli bolşy ýaly, gowaça ekişi möwsüminde daýhan birleşigi boýunça 1500 gektar meýdana tohum taşlamak göz öňünde tutulyp, bu derwaýys çäräniň üstünlikli geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görüldi. Şeýlelikde, ähli zerur işler öz wagtynda ýerine ýetirildi.

Şeýle çäreleri amala aşyrmakda tejribeli mehanizatorlaryň ençemesi oňat görelde görkezýärler. Olardan birleşigiň «Keýs» kysymly kuwwatly traktoryna erk edýän Ýoldaşbaý Allabaýewiň, şeýle-de bejergi traktorlarynyň mehanizatorlary Süleýman Gulowyň, Arazmyrat Gurbanmädowyň we beýlekileriň atlaryny tutmak bolar.

Daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparlarynda gowaça ekişiniň ýokary depginde alnyp barylmagynda olaryň ýolbaşçylarynyň, agzalarynyň her biriniň mynasyp paýynyň bardygyny bellemek gerek. Şunlukda, olaryň gözegçilik edýän meýdanlarynda bu işiň guramaçylykly dowam etdirilip, bellenen möhletlerde tamamlanylmagyna doly şert dörediljekdigine pugta ynam bar.

Elbetde, şu ýylyň belent bugdaý harmanynyň döredilmegi ugrunda daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň häzirki günlerde durmuşa geçirýän işleri barada hem gürrüň etmek ýerliklidir. Şonda bu ýerde geçen ýylyň güýzünde 1160 gektar meýdana bugdaý ekilip, kadaly gögeriş alnandygyny ilkinji nobatda bellemek möhümdir.

Daýhan birleşiginde tejribeli, şonuň bilen birlikde-de, geçen ýyl Watan harmanyna saldamly bugdaý hasylyny goşmagyň hötdesinden gelen gallaçy kärendeçileriň köp sanlysy zähmet çekýär. Olaryň hatarynda Sülgün Sopyýewa, Güýçmyrat Halow, Mukam Aşyrow we beýlekiler bar. Şeýle başarjaň gallaçylaryň her gektaryň hasyllylygyny 30 — 35 sentnere ýetirmek bilen, öz şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý edendiklerini bellemek guwançlydyr.

Elbetde, birleşigiň gallaçylarynyň şu ýyl öz öňlerinde täze maksatlary goýmak bilen, gaýratly zähmet çekýändiklerini nygtamak zerur. Çünki olar şu wagta çenli öz ekinlerini birnäçe sapar ýerli hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendiripdirler. Bu işde kärendeçi daýhanlara yzyna dökün sepýän enjam tirkelen traktora erk edýän zähmetsöýer mehanizator Halmyrat Gurdowyň ýakyndan ýardam berendigini hoşallyk bilen aýtdylar. Şeýle agzybirlikli zähmet, agzybirlikli aladalar bilen gurşalan bugdaý meýdanlaryny synlanyňda, şu ýyl birleşigiň gallaçylarynyň döwlete has-da bereketli, oňat hilli bugdaý hasylyny goşmak bilen, ýene-de ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilikleriniň bardygy aýdyň görünýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dil öwrenmek döwrüň talaby
23.07.2025   194
Jemgyýet Biraýlyk üstünliklere beslendi
30.09.2025   118
Jemgyýet Belent mertebedir, Watan goragy
28.01.2026   58
Jemgyýet Milli mirasyň buýsançly waspy
17.10.2024   326
Jemgyýet Dabarasy dünýä dolan Watanym
26.06.2024   380
Jemgyýet Dünýäde Täze ýylyň garşylanyşy
26.12.2025   93
image