Şu günki alada — ertirki hasyl
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Şu günki alada — ertirki hasyl

Ykdysadyýet
15.01.2026  163

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlary, guwandyryjy sepgitleri nazarlaýan Daşoguz welaýatynyň gallaçy, pagtaçy daýhanlary şu günlerde öz öňlerinde duran wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaklyga ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirýärler. Olar geçen güýzde kadaly gögerişi alnan bugdaýlara ideg etmek, şu ýylyň baharynda gowaça ekişi geçirilmegi göz öňünde tutulýan meýdanlarda zerur çäreleri ýerine ýetirmek babatdaky işleriň depginini giňden ýaýbaňlandyrýarlar.

Häzirki wagtda zähmetsöýer kärendeçileriň şeýle joşgunly gadamlaryny Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynda hem görmek mümkin. Çünki olar günsaýyn rowaçlanýan ýylymyzda öz gözegçilik edýän meýdanlarynda bugdaýyň, pagtanyň has-da saldamly hasylyny kemala getirmegi meýilleşdirýärler.

Ýeri gelende bellesek, geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem bu hojalygyň agzalaryna uly üstünlikleri getirdi. Has anygy, şol ýylda olar 17 müň tonna golaý «ak altyny», 6350 tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaýy Watan harmanyna goşup, bu baradaky meýilnamalary has artygy bilen berjaý etdiler. Munuň özi hojalygyň kärendeçi daýhanlarynyň çeken agzybirlikli, arkalaşykly zähmetleriniň beren guwandyryjy netijesi boldy.

Geçen ýylda gazanylan üstünlikler bilen ruhlanan paýdarlar jemgyýetiniň babadaýhanlary, öňde hem nygtap geçişimiz ýaly, şu ýylda-da bu ugurdaky möhüm çäreleriň depginini ýokary göterdiler. Hojalygyň baş agronomy Ikram Kadyrowyň aýtmagyna görä, olar 2420 gektar meýdanda bugdaýyň, 7500 gektar ýerde pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmegi maksat edinýärler.

Elbetde, atyz-meýdanlarda bereketli hasyly kemala getirmekde güýz-gyş çäreleriniň öz wagtynda, talabalaýyk geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy mälimdir. Hojalykda her ýyl hem olara aýratyn üns berlip, şonuň netijesinde gallaçy kärendeçileriň ählisi öz meýdanlaryndaky bugdaýlary ýerli hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirýärler. Häzirki döwürde-de olar ýerli dökünleriň ýeterlik möçberlerini taýýarlamak boýunça iş alyp barýarlar. Bu işde gallaçylaryň köp sanlysynyň has-da tapawutlanýandygyny nygtamak gerek.

Şu günlerde meýdan işlerini alyp barmakda paýdarlar jemgyýetiniň ähli kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň hem örän işjeňlik görkezýändikleri aýratyn guwançlydyr. Bu barada gürrüň edilende, Azamat Seýitmetowyň, Uktam Sabirowyň we beýlekileriň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler toparlarynyň has-da tapawutlanýandyklary bellenmäge mynasypdyr.

Hojalygyň ekin meýdanlarynda amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň göwnejaý alnyp barylmagynda uly goşant goşýan kärendeçi daýhanlar az däl. Olaryň hatarynda geçen ýylda uly zähmet üstünliklerini gazanyp, häzirki günlerde hem köplere görelde bolýan kärendeçiler Jemile Mädrahymowanyň, Daniýar Rozmetowyň, Dildara Abdullaýewanyň, Şöhrat Mätiýewiň we beýlekileriň atlaryny tutmak bolar. Şonuň ýaly-da, öz işine ezber mehanizatorlardan Diýar Ibragimowyň, Zakir Jumaniýazowyň bu ugurdaky işlerde mynasyp paýlary bar.

  Hormatly Prezidentimiziň gallaçy, pagtaçy daýhanlara berýän goldawlary, olar üçin döredýän şertleri  kärendeçileri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Geçen ýyl hojalygyň gallaçylarydyr  pagtaçylary döwlete bereketli hasyl tabşyryp, uly üstünliklere eýe boldular. Ýurdumyzda bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky Kararyň kabul edilmegi olaryň ýokary girdeji gazanmaklaryny üpjün etdi. Şeýlelikde, göwünleri galkynan kärendeçiler häzirki wagtda has-da yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň agzybirlikli işleri şu ýylymyzy hem üstünliklere beslemegimize şert döreder.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Täze kärhananyň döwrebap önümleri
02.07.2026   115
Ykdysadyýet Üstünlik yhlasa bagly
10.10.2025   191
Ykdysadyýet Gowaçalara ideg möwsümi dowam edýär
11.07.2024   405
Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň möhüm pudagy
24.12.2024   307
Ykdysadyýet Belent maksada eýerip
13.06.2025   244
Ykdysadyýet Hasyl ýangyndan goralmalydyr!
03.09.2025   293
Ykdysadyýet Aýgytly günlerdäki yhlasly zähmet
11.06.2026   142
Ykdysadyýet Gowaça bejergisiniň depgini ýokary
08.05.2025   240
image