Sport — sagdynlygyň gözbaşy
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Sport
20.05.2024  17

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň hem yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn bellemek möhümdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler türkmen sportunyň dünýä çykmagyny, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda köp sanly baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny üpjün edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde hem dünýädäki abraýyny pugtalandyrýar. Şu ýylyň aprel aýynyň 15 — 20-si aralygynda paýtagtymyzda Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi, onda türgenlerimiziň gazanan ýeňşi ata Watanymyzyň sport abraýyny äleme ýaýdy. Ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň bu ýaryşda gazanan ynamly ýeňşi berkarar döwletimizde türkmen sportunyň ösdürilmegine aýratyn uly ähmiýet berilýändiginiň nyşanyna öwrüldi.

Täze taryhy eýýamda bedenterbiýe we sport babatynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty halkara derejede belent ykrarnama eýe bolýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türgenlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Türgenlerimiz halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa ýaş türgenlerimize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Häzirki wagta çenli Türkmenistan V Aziýa oýunlaryny, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, Agyr atletika we Kuraş boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmekde uly tejribe toplap, halkara sport äleminde özüniň ornuny has-da pugtalandyrdy. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bolsa berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygyny bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Meňzeş habarlar

Sport Ýetginjek türgeniň ýeňşi
08.05.2024   35
Sport Boksçularyň bäsleşigi
08.04.2024   18
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
29.01.2023   16
Sport Ildeşimiziň halkara üstünligi
19.03.2024   28
Sport Ýaryşyň guramaçylygyna goşant
16.04.2024   26
Sport Zenanlaryň ýaryşy
14.03.2024   28
image