Sport — beden we ruhy kämilligiň sazlaşygy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Sport — beden we ruhy kämilligiň sazlaşygy

Sport
10.07.2024  212

Golaýda Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda «Sport — beden we ruhy kämilligiň sazlaşygy» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Gyzykly geçen bu bäsleşiklerde küşt boýunça 1-nji ýere Sähra Berdiýewa, 2-nji ýere Aknur Ýagmyrowa, 3-nji ýere Gülnur Abdullaýewa, şaşka boýunça 1-nji ýere Irada Zakirowa, 2-nji ýere Anna Iwanowa, 3-nji ýere Aýzada Illiýewa dagy mynasyp boldular.

«Ruhubelent» hem-de «Zehin» toparlarynyň arasynda geçirilen tanap çekmek ýaryşynda «Ruhubelent» topary ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşyjylara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Sport Woleýbolçy gyzlaryň üstünligi
26.03.2024   265
Sport Sport — sagdynlygyň gözbaşy
20.05.2024   231
Sport Ýeňiji bolan zenan
13.11.2024   189
Sport Sport — sagdynlygyň binýady
15.02.2023   295
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
14.02.2023   265
Sport Şadyýan tomus
01.07.2024   200
image