Gyzykly geçen ýaryş
Döwlet edaralarynyň işgärleriniň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de welaýatyň ykdysady toplumyna degişli edaralaryň işgärleriniň arasynda sportuň kiçi futbol, düzzüm görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Daşoguz şäheriniň «Garaşsyzlyk» sport toplumynda geçirilen ýaryş ýokary ruhubelentlige beslendi.Ýaryşyň netijelerine eminler topary tarapyndan adalatly baha berildi. Şunlukda, umumylykda Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň işgärlerinden düzülen ýygyndy topar birinji, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň we bank edaralarynyň işgärlerinden düzülen toparlar, degişlilikde, ikinji we üçünji ýerleri eýelemegi başardylar.
Ýeňijilere ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly gowşuryldy.