Sport
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Sport

Sport
17.06.2025  240

Gyzykly geçen ýaryş

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatlarynyň düzümine welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden dalaşgär türgenleri saýlap-seçip almak üçin grek-rim we erkin göreş boýunça ýetginjek türgenleriň arasynda geçen ýaryşa Daşoguz welaýatyndan hem türgenler gatnaşdylar. Olar üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelediler.

Grek-rim göreşi boýunça geçen ýaryşa welaýatdan gatnaşan türgenlerden öz agram derejelerinde Hudaýnazar Ýoldaşow, Azat Gaýypow dagy birinji, Fahreddin Satlykow, Süleýman Kulamisinow, Şanur Allanurow dagy ikinji, Saparmyrat Sabirow, Izzatbek Adylbekow dagy üçünji orunlary eýelediler. Erkin göreş boýunça öz agramlarynda Kerim Berdiýew, Alihan Koçkarbaýew dagy ikinji, Kudrat Rozymow, Rahman Kabaýew dagy üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşda Boldumsaz etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Hoşgeldi Nobatmyradowyň hem-de Daşoguz şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Baýram Sapargeldiýewiň türgenleri has ýokary netijeleri görkezdiler.

Meňzeş habarlar

image