Spartakiadanyň döwlet tapgyrynyň ýeňijileri
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Spartakiadanyň döwlet tapgyrynyň ýeňijileri

Sport
18.04.2026  127

Ýakynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly 15-nji spartakiadanyň çäklerinde sportuň ýeňil atletika, suwda ýüzmek görnüşleri boýunça sport ýaryşlarynyň döwlet tapgyry geçirildi. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Mekdep sport federasiýasy jemgyýetçilik birleşigi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar. Ýeňil atletikanyň 100 metr aralyga ylgamak, estafetanyň 4x100, uzynlyga bökmek ýaly görnüşleri boýunça oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda utuk sanlarynyň deň gelmegi bilen, birinji orny Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň toparlary, ikinji orny utuk sanlary deň bolan Mary we Ahal welaýatlarynyň toparlary, üçünji orny bolsa Aşgabat şäheriniň topary eýelediler.

Gyzlaryň arasynda ýeňil atletikanyň 60 metr aralyga ylgamak, estafetanyň 4x60, uzynlyga bökmek görnüşleri boýunça ýaryşlarda birinji orny Lebap welaýatynyň, ikinji orny utuk sanlarynyň deň gelmegi bilen Daşoguz we Mary welaýatlarynyň, üçünji orny bolsa Ahal welaýatynyň toparlary eýelediler.

Suwda 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmek bäsleşiginde oglanlaryň arasynda birinji orny Aşgabat şäheriniň topary, ikinji orny Daşoguz welaýatynyň topary, üçünji orny bolsa Ahal welaýatynyň topary eýelediler.

Ýeňijiler Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar

Sport Paýhas oýnunda bäsleşdiler
18.11.2024   317
Sport Ýeňiji bolan zenan
13.11.2024   346
Sport Woleýbolçylar bäsleşdiler
18.06.2025   295
Sport Küştçi doganlaryň üstünligi
31.01.2026   176
Sport Sport — sagdynlygyň gözbaşy
20.05.2024   408
image