​​​​​​​Spartakiadanyň Daşoguz welaýat tapgyry
weather dashoguz 18° C Daşoguz

​​​​​​​Spartakiadanyň Daşoguz welaýat tapgyry

Sport
11.11.2024  330

Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäklerinde ýeňil atletika boýunça ýaryşlaryň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatyň ähli etraplaryndan hem-de Daşoguz şäherinden oglan-gyzlardan düzülen 8 topar, jemi 130-a golaý türgen gatnaşdy. Ýaryşda türgenler ýeňil atletikanyň üç görnüşi — uzynlygyna bökmek, oglanlar 100 metr aralyga, gyzlar 60 metr aralyga ylgamak hem-de oglanlar estafetanyň 4x100 metr aralyga, gyzlar bolsa 4x60 metr aralyga ylgamak görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Ýaryşlarda Daşoguz şäheriniň topary iň köp — 42 utuk toplap, birinji orny eýeledi, ikinji orny 32 utuk bilen Akdepe etrabynyň, üçünji orny bolsa 27 utuk bilen Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň toparlary eýelediler.

Ýaryşda birinji orny eýeläp, ýeňiji bolan türgenler spartakiadanyň ýeňil atletika görnüşi boýunça döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňiji bolan toparlara «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary, TMÝG-niň Daşoguz  welaýat geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Sport Sport
10.02.2025   400
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
03.09.2024   321
Sport Spartakiadanyň çäklerinde
05.11.2024   390
Sport Erjel türgeniň üstünligi
30.12.2022   1201
Sport Türkmenistan — sport ýurdy
26.03.2024   362
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
14.02.2023   391
Sport Ýeňiji bolan zenan
13.11.2024   343
image