Spartakiadanyň Daşoguz welaýat tapgyry
weather dashoguz 31° C Daşoguz

Spartakiadanyň Daşoguz welaýat tapgyry

Sport
30.01.2023  183

Daşoguz welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly ХIII Spartakiadanyň çäklerinde sportuň küşt, şaşka, düzzüm, gandbol, basketbol, woleýbol görnüşleri boýunça ýaryşlaryň welaýat tapgyry geçirildi. Spartakiadanyň şaşka, düzzüm, küşt görnüşleri boýunça ýaryşlar Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebinde geçirilip, oňa Akdepe, Boldumsaz, Saparmyrat Türkmenbaşy, Görogly, Köneürgenç, Şabat, Ruhubelent etraplaryndan hem-de Daşoguz şäherinden düzüminde 1 oglan we 1 gyz bolan okuwçy oglan-gyzlardan düzülen 8 topar gatnaşdy. Şaşka boýunça oglan-gyzlaryň ýaryşynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň topary birinji, ikinji orny Köneürgenç, üçünji orny bolsa Görogly etrabynyň toparlary eýelediler.

Spartakiadanyň düzzüm görnüşi boýunça Şabat etrabynyň topary birinji, ikinji orny Saparmyrat Türkmenbaşy, üçünji orny bolsa Görogly etrabynyň toparynyň türgenleri eýelediler. Spartakiadanyň küşt görnüşi boýunça Daşoguz şäheriniň topary birinji, ikinji orny Şabat, üçünji orny bolsa Görogly etrabynyň toparlary eýelemegi başardylar.

Spartakiadanyň gandbol görnüşi boýunça ýaryşlar Daşoguz şäherindäki Garaşsyzlyk sport desgasynyň sport eýwanynda geçirildi. Bu ýaryşda oýunlar aýlaw esasynda geçirildi. Şeýlelikde, oglanlaryň arasynda iň köp utuk toplap, Akdepe etrabynyň topary birinji, ikinji orny Daşoguz şäheri, üçünji orny utuklarynyň deň gelendigi sebäpli Görogly we Şabat etraplarynyň toparlary eýelediler. Gandbol boýunça gyzlaryň arasynda birinji orny Daşoguz şäheri, ikinji orny Akdepe, üçünji orny Görogly etrabynyň gyzlar topary eýelediler.

Spartakiadanyň basketbol görnüşi boýunça ýaryşlar Daşoguz şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň basketbol eýwanynda geçirildi. Ýaryşda oglan-gyzlar aýratynlykda aýlaw esasynda oýnadylar. Oýunlar diýseň gyzykly, ruhubelent ýagdaýda geçdi. Basketbol boýunça oglanlaryň arasynda Boldumsaz etraby birinji, ikinji orny Daşoguz şäheri, üçünji orny Görogly etrabynyň oglanlar topary eýelediler. Basketbol boýunça gyzlaryň arasynda Daşoguz şäheriniň okuwçy gyzlar topary birinji, ikinji orny Akdepe etrabynyň, üçünji orny Şabat etrabynyň toparlary eýelediler.

Spartakiadanyň woleýbol görnüşi boýunça ýaryşlar Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebinde geçirildi. Woleýbol boýunça oglanlaryň ýaryşynda birinji orny Daşoguz şäheriniň, ikinji orny Akdepe etrabynyň, üçünji orny bolsa Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň türgenleri eýelediler. Woleýbol boýunça okuwçy gyzlaryň arasynda birinji orny Daşoguz şäheriniň, ikinji orny Akdepe etrabynyň, üçünji orny Şabat etrabynyň okuwçy gyzlar toparlary eýelediler.

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňiji bolan toparlara «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Meňzeş habarlar

Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
28.10.2024   122
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
03.09.2024   133
Sport Spartakiadanyň çäklerinde
05.11.2024   145
Sport Talyplar  bäsleşdiler
14.03.2024   151
Sport Sport
10.02.2025   89
Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
14.11.2024   129
image