Spartakiadanyň çäklerinde
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Spartakiadanyň çäklerinde

Sport
12.01.2026  155

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 15-nji orta mekdepde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly XV spartakiadanyň çäklerinde woleýbol boýunça şäherdäki orta mekdepleriň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda ýaryş geçirildi. Ony welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, TDP-niň Daşoguz şäher komiteti, TMÝG-niň şäher geňeşi bilelikde guradylar.

Ýaryşyň jemlerine görä, oglanlaryň arasynda 30-njy orta mekdebiň woleýbolçylary üstünlikli çykyş edip, birinji ýere mynasyp boldular. Şäheriň 15-nji we 14-nji orta mekdepleriniň woleýbolçylary, degişlilikde, ikinji we üçünji ýerleri eýelediler.

Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň woleýbolçy toparyna birinji, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň toparyna ikinji we daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň toparyna üçünji orunlar degişli boldy.

Ýaryşyň ýeňijileri «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar

Sport Ildeşimiziň halkara üstünligi
19.03.2024   397
Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
20.01.2025   298
Sport Erjel türgeniň üstünligi
30.12.2022   1209
Sport Ýaryşyň guramaçylygyna goşant
16.04.2024   393
Sport Gyzykly geçen ýaryş
19.03.2026   153
image