Spartakiadanyň çäklerinde
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Spartakiadanyň çäklerinde

Sport
05.11.2024  320

Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäklerinde sportuň tennis, badminton görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Tennis boýunça geçirilen ýaryşlar Daşoguz şäherindäki sport toplumynda ýaýbaňlandyryldy. Onda Daşoguz şäherindäki 30-njy orta mekdebiň topary birinji, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň topary ikinji, 16-njy orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelemegi başardylar.

Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdepde badminton boýunça geçirilen ýaryşda mekdebiň okuwçylary birinji orna mynasyp boldular, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň hem-de 30-njy orta mekdebiň okuwçylary ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ýaryşyň ýeňijileri Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar

Sport Sport
10.02.2025   328
Sport Ýaryşyň guramaçylygyna goşant
16.04.2024   328
Sport Boksçularyň bäsleşigi
08.04.2024   390
Sport Gyzykly geçen ýaryş
03.02.2025   222
Sport Türkmenistan — sport ýurdy
26.03.2024   300
Sport Ýaş türgenleriň üstünligi
26.02.2025   262
image