Söz dünýäsine seýran
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Söz dünýäsine seýran

Jemgyýet
02.12.2025  117

Adamzadyň kalbyna iň tiz aralaşýan zat söz bolsa gerek. Onda-da çeper söz adam aňynyň, pikir-düşünjesiniň, duýgularynyň «taryny» çirtmegiň iň täsirli usuly. Hut şonuň üçin hem çeper edebiýat dürli dillerde sözleýän halklary birleşdirýän, jebisleşdirýän rişde, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda köpri bolup hyzmat edýär.

Muňa gözel paýtagtymyzda bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Seýilgähiň ýanýodalarynyň ugry bilen seýil etseň, özüňi söz sungatynyň dünýäsine, dünýäniň edebiýat bossanyna seýran eden ýaly duýýarsyň.

Şol seýilgähde ýerleşdirilen dünýäniň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinden terjimeleriň yzygiderli okyjylara ýetirilmegi hem ony okanlary edebiýatyň nepis, tämiz dünýäsine aralaşmaga çagyrýar.

Dünýäniň meşhur ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiniň eserlerinden aýtga öwrülen pikir parçalaryny dykgatyňyza ýetirmek isleýäris. Emma, owaly bilen, ýazyjynyň döredijiligi hakynda kelam agyz söz aýtsak has ýerlikli bolar.

«Dostoýewskiý maňa islendik alymdan, hatda Gaussdan hem köp zat öwretdi». Bu dünýä belli fizik Albert Eýnşteýniň rus edebiýatynyň ägirdi Fýodor Dostoýewskiniň döredijiligi hakynda aýdan sözleri. Şu ýerde Fridrih Gaussyň matematika, mehanika, fizika, astronomiýa, geodeziýa ylymlaryny ösdürmäge önjeýli goşant goşandygyny, şonuň ýaly-da «Matematikanyň şasy» hasaplanandygyny nygtamak bilen, alymyň ýazyjynyň döredijiligine neneňsi ýokary baha berendigini göz öňüne getirmek isleýäris. Ýazyjynyň «Jenaýat we jeza», «Humarbaz», «Tentek», «Doganlar Karamazowlar», «Ýetginjek» ýaly ençeme romanlary, powestleri we hekaýalary dünýä edebiýatynyň nusgawy eserleriniň hatarynda orun aldy.

 

«Dünýäni gözellik halas eder».

***

«Men iň bolmanda ýekeje adam bilen öz-özüm bilen gürleşen ýaly söhbet etmek isleýärin».

«Tentek» romanyndan.

***

«Adam örän akylly, emma akyl bilen iş görmek üçin diňe akylyň özi ýeterlik däl».

***

«Ugursyz adam ähli zada öwrenişýär».

***

«Ähli zadyň öz howply çägi bar, şoňa tarap bir ädim ädeniňden soň, yza ýol ýok».

«Jenaýat we jeza»

romanyndan.

***

«Ömür bimaksat daljygyp barýar».

«Melgunlar» romanyndan.

***

«Maksadyňa sary ugur alyp, her bir üýren ite daş atmak üçin ýoluňdan galýan bolsaň, seniň aljak galaň bolmaz».

***

«Adamyň niýetinde bolsa eli bagly bolsa-da kän haýyr edip biler».

 

«Ýazyjynyň gündeligi» esseler, hekaýalar ýygyndysyndan.

***

«Iň esasy zat, öz-özüňizi aldamaň! Öz-özüni aldaýan, öz ýalanlaryna gulak asýan adam ne özündäki, ne töweregindäki hakykaty saýgaryp biler».

***

«Rehimdarlykda adamzat durmuşynyň iň möhüm we ýeke-täk kanuny şöhlelenýär».

***

«Adamzat durmuşynyň hikmeti diňe ýaşamakda däl, näme üçin ýaşaýanlygynda».

***

«Erkinlik — bu öz-özüňe erk edip bilmek däl-de, öz-özüňi dolandyryp bilmekdir».

***

«Tutuş dünýäni ýeňmek isleseň, özüňi ýeňmegi başar!».

 

«Doganlar Karamazowlar» romanyndan.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sadyr
03.11.2025   191
Jemgyýet Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty
24.04.2024   451
Jemgyýet Bedew batly ösüşler
28.02.2026   93
Jemgyýet Nurana baýramçylygyň şatlygy
31.12.2024   333
Jemgyýet Hünärli nesil — röwşen geljek
19.09.2024   558
image