Söwüt agajy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Söwüt agajy

Ykdysadyýet
05.02.2025  1040

Ýurdumyzda söwüt agajy diňe bir saýasy üçin ekilmän, eýsem, ol ähli döwürde-de peýdaly agaç hasaplanypdyr. Ony ösdürip ýetişdirmek ullakan zähmeti talap etmeýär. Eýýäm fewral aýynyň ahyrlarynda söwüdiň täze kesilen çybyklaryny ýaplaryň boýlaryna, yzgar ýerlere ýarym metr çuňlukda gömüp bilseň bolany. Ol basym pyntyklap, ýere kök urup, şol ýylyň güýzüne çenli 3 — 5 metr töweregi boý alyp bilýär. Söwüt agajynyň çybyklary iki ýylda 6 — 8 metr ösýär. Şol çybyklaryň göni bolaryny isleseň, her 4-5 ýyldan irbaharda söwüdiň ähli pudaklaryny kesip, pürdelemek zerur. Oktýabr aýynyň ahyrlarynda oklaw ýaly göni ösen çybyklaryň gapdal şahalary pürdelenýär. Pil, kätmen, çarşak, çalgy, orak ýaly zähmet gurallarynyň ählisiniň saplary söwüt agajyndan ýasalýar.

Söwüt agajy örän ýeňil we berk bolandygy üçin, ony ýörite körüklerde gyzdyryp islendik şekili alyp bolýar. Uzynlygyna ösdürimine goýlan pudaklara 5-6 ýyl degmeseň, agyllara, malýataklara pürs bolmaga ýaramly bolýar.  Eşegiň, atyň, düýäniň üstünde gurlup ýük daşalýan örän berk sebetler, atdyr eşegiň eýer-gaňňalary, düýäniň hataby ýaly zatlar hem söwütden ýasalypdyr.

Gadymda söwüt agajy halk lukmançylygynda hem giňden ulanylypdyr. Söwüt agajy mergi keselinden goraýar diýen ynanç bilen, ony tamlaryň töweregine, şemalyň öwüsýän tarapyna ekipdirler. Söwüdiň inçe şahasyny, otda köýdürip, gara galam, ýanan külkesinden bolsa syýa ýasapdyrlar. Ýakylan söwüdiň külüni ýüpegi agardyjy aşgar hökmünde hem peýdalanypdyrlar. Söwüdiň bir görnüşi bolan leýlisaçyň inçeden näzik çybyklaryndan elde göterilýän ululy-kiçili sebetler, aşhana üçin süzgüçdir çolpular ýasalypdyr.

Mahlasy, söwüt agajynyň hiç yrýasy bolmandyr. Şonuň üçin hem bu agaç oba ýerlerinde köpçülikleýin ekilýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bugdaý ekişiniň depgini ýokary
22.10.2025   198
Ykdysadyýet Ajaýyp döwrümiziň rowaç menzilleriB
10.05.2026   142
Ykdysadyýet Gowaçaly pellerdäki yhlas
27.05.2025   216
Ykdysadyýet Tebigatyň görki — baglar
15.11.2024   297
Ykdysadyýet Tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş
23.01.2026   155
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň döwrebap işleri
29.05.2025   258
Ykdysadyýet Aşgabat şäheriniň gününe
20.05.2025   257
image