Internet sahypalarynyň birinde Türkmenistanyň täsin ýerleri baradaky maglumatlara orun berlipdir. Şolaryň arasynda Daşoguz welaýatyndaky Akgala taryhy ýadygärligi baradaky maglumatlar hem bar.
«Bir ýüz ýyl mundan öň hem bu ýerler düýbünden başgaça keşpdedi. Bu ýerlerde — Derýalygyň aşaky akymynda — Amyderýanyň köne akym ugrunda oba-şäherler gülläp ösýärdi» diýlip, onda Akgala bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar berilýär. «Akgalanyň diwarlary palçyk kerpiçden galdyrylyp, olaryň beýikligi alty, ini bolsa iki metre ýetýär. Galanyň daşyna duşmandan goranmak üçin garym aýlanyp çykylypdyr. Gadymy şäheriň içinden esasy köçe okkessirme geçip, kiçijik köçejikler oňa dürli taraplardan birigipdir. Galanyň diwarlary göni dörtburçluk görnüşinde ussatlyk bilen gurlupdyr welin, bu ýagdaý häzirki döwrüň gurluşykçylaryny-da haýrana goýup biler. Wagtyň geçmegi bilen ilat üçin galanyň çägi darlyk edip, demirgazyk-günbatar tarapda täze gala salnyp, şäheriň çägi esli giňelipdir. Akgalanyň töwereginde bolsa birnäçe kilometre çenli uzap gidýän giňişlikde daşyna palçyk aýmança edilen baglardyr ekin meýdanlary, şonuň ýaly-da, ownukly-irili ýaplaryň, bentleriň we suw howdanlarynyň galyndylary, jykyrlar üçin edilen çukurlaryň yzlary mese-mälim bildirýär».
Şäher Akgala adyna has soň, suwuň çekilmegi bilen ilat bu ýerden göçüp, çöllüge öwrülenden soň eýe bolýar. Alym W.Bartoldyň ünsüni orta asyr ýazgylarynda ýygy-ýygydan duş gelýän Horezmiň günbatarynda ýerleşýän Adak şäheri özüne çekipdir. Adak baradaky irki ýatlamalar XV asyryň ortalaryna, soltan Hüseýin Baýkara bilen baglanyşyklylykda duş gelýär. Halkymyzyň Myraly baradaky hekaýatlarynda, şorta sözlerinde, rowaýatlarynda Soltansöýün ady bilen tanalan Baýkaranyň köşk taryhçysy Mirhondyň «Ählumumy taryh» atly işinde Adak şäheri bilen baglanyşykly wakalar hem suratlandyrylýar. Ol 1460-njy ýylda Hüseýin Baýkaranyň Adak şäherini özüniň wagtlaýyn mekany edip saýlap alandygyny ýazýar. Taryhy ýazgylarda Hywa hanlygyny esaslandyryjy Şeýbany hanyň Adak şäherini zabt edişi barada gürrüň berilýär. Umuman, XVI asyra çenli Adak şäheriniň ady goňşy Wezir (Döwkesen), Tersek (Şamahy gala), Ürgenç (Köneürgenç), şeýle-de Durun, Nusaý, Sarahs, Mary, Amul, Dargan ýaly şäherler bilen bilelikde yzygiderli ýatlanylyp geçilýär. Geçen asyryň ortalarynda Sarygamyşyň ýakalaryny içgin öwrenen alym S.Tolstow taryhy ýazgylarda suratlandyrylýan ýerleri içgin öwrenmegiň netijesinde, W.Bartoldyň gadymy Adak şäheriniň Akgaladygy baradaky çaklamasyny tassyklaýar. Galanyň «Akgala» ýa-da «Akjagala» ady alymlaryň pikiriçe, onuň çig kerpiçden salnan diwarlarynyň daşdan agaryp görünmegi bilen baglanyşykly bolmaly. Ýöne bu adyň aklyk, päklik, arassalyk düşünjeleri bilen baglanyşyklydygy baradaky pikiri öňe sürýänlerem bar.