Söhbetdeşlik geçirildi
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Söhbetdeşlik geçirildi

Jemgyýet
01.08.2025  242

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda  Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Daşoguz welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda geçirilen söhbetdeşlige işjeň zenanlar gatnaşyp, uly syýasy wakanyň ähmiýeti barada özara pikir alyşdylar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň döwletleriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ösdürmekde, gender syýasatyny wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi barada buýsanç bilen aýdyldy. Maslahatyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň berkidilmegini şertlendirýän syýasy, ykdysady-durmuş, medeni-ynsanperwer işlere goşant goşmakda zenanlaryň tagallalarynyň ýokary derejededigini açyp görkezjek waka öwrüljekdigi barada uly buýsanç bilen nygtaldy.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ussat keramikaçy
24.09.2025   217
Jemgyýet Gadymy senediň galkynyşy
27.03.2024   446
Jemgyýet Çeper elli zenanlaryň üstünligi
09.08.2024   437
Jemgyýet Behişdi bedewleriň çeper waspy
03.03.2026   183
Jemgyýet Milli mertebäniň belent sarpasy
09.07.2025   258
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlanylan sergi
26.10.2024   372
Jemgyýet Ganatly bedewleriň waspy
26.04.2024   491
image