Söhbetdeşlik geçirildi
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Söhbetdeşlik geçirildi

Jemgyýet
30.11.2024  425

Daşoguz welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynda hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek bilen bagly teklip bermek barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary — Magsat Otuzow, Kakamämmet Nepesow, Aýgözel Kutlyýewa, şeýle-de şäher halk maslahatynyň başlygy Allanazar Garajanow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bölüm müdiri Aýnur Ýusupowa dagy gatnaşdylar.

Söhbetdeşlikde dünýäniň parahatçylygynyň ähli döwürde-de adamzadyň baş maksady bolup galýandygy, oňa berkarar döwletimiziň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem doly esas bolup durýandygy nygtaldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
07.09.2024   459
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlanylan sergi
26.10.2024   375
Jemgyýet Watan mukaddesligi
10.02.2026   156
Jemgyýet Dabaraly maslahat
21.08.2025   234
Jemgyýet Bäsleşik geçirildi
07.03.2024   1248
Jemgyýet Iň gowy gyzlar gurnagy belli boldy
04.02.2023   537
Jemgyýet Halk döredijiligi — egsilmez hazyna
03.06.2024   1012
image