Söhbetdeşlik geçirildi
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Söhbetdeşlik geçirildi

Jemgyýet
26.09.2024  401

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Daşoguz welaýat häkimliginiň ýanyndaky bölüminiň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda çykyş edenler ýokary derejede geçirilen  maslahatyň uly ruhubelentlige beslenendigini, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyzyň ýurdumyzyň gazanýan beýik ösüşleriniň özlerinde galdyran täsirleri hakyndaky buýsançly gürrüňleriniň ildeşlerimizde ýakymly duýgulary oýarandygy barada bellediler.

Meňzeş habarlar

image