Söhbetdeşlik geçirildi
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Söhbetdeşlik geçirildi

Jemgyýet
06.09.2024  289

Golaýda «Daşoguz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daaaaşoguz welaýat bölüminiň welaýat Teleradiostudiýasy bilen bilelikde guramagynda, welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilimli nesil berkarar Watanymyzyň daýanjydyr» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, hemmetaraplaýyn kämil hünärmenler bolup ýetişmegi babatdaky aladalaryň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi, dünýä ülňülerine laýyk bilim alan ýaşlaryň halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşmaklary üçin uly mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda söhbet edildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Döwletiň mizemez hukuk binýady
11.09.2025   149
Jemgyýet Kanunlaryň talaplary düşündirildi
07.05.2026   35
Jemgyýet Belent hormatyň dabaralanmagy
04.03.2025   270
Jemgyýet Täzelenişiň we joşgunyň pasly
29.03.2024   344
Jemgyýet Bäsleşik geçirildi
18.03.2024   481
Jemgyýet Döwletli tutumlara badalga
04.09.2025   183
image