Söhbetdeşlik geçirildi
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Söhbetdeşlik geçirildi

Jemgyýet
16.08.2024  371

Golaýda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň mähriban atasy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanyp «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. «Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly görelde mekdebidir» atly şygar bilen geçirilen söhbetdeşlikde mawy ekran arkaly görkezilen, halkymyzda uly buýsanç döreden taryhy wakanyň ýakymly täsirleri barada özara pikir alşyldy.

Has aňyrlardan gaýdýan peder ýörelgesiniň hem göreldesiniň bu günki gün türkmeniň bagtyna ak Güneşiň nuruny bolluk bilen eçilýändigi barada buýsançly söhbet edildi. Içeri işler edaralarynyň weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet ýoly, maşgalabaşy hökmünde nusgalyk göreldesi hemmeler üçin uly mekdepdir. Watan mukaddesligini gorap saklamak, onuň içerki asudalygyny, kanunlaryň, düzgün-tertibiň berk berjaý edilişini hemişe gözegçilikde saklamak bilen, öz borjuňy berjaý etmek we çeken halal hem tutanýerli zähmetiň üçin yzygider hormatlanmak, sylaglara mynasyp bolmak — bu mert hem merdana Watan oglunyň, gullukçynyň mukaddes borjy, nesillere göreldesi. Şeýle beýik derejäni öz durmuşynda jemläp bilen Mälikguly Berdimuhamedowyň nesillere galdyran nusgalyk ýoly döwürleriň, zamanlaryň, eýýamlaryň mazmunyna öwrülip, hemişe ýollara ýagty saçjak şamçyrag bolar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bedew ýylynyň ýorgudy
27.12.2025   270
Jemgyýet Döwrebap bilim ojagynyň üstünlikleri
10.01.2025   410
Jemgyýet Oraza baýramyna
26.03.2025   363
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna
29.01.2025   367
Jemgyýet Taryhy maslahat — geljege nazar
04.08.2025   260
Jemgyýet Kanunlar döwrebap kämilleşdirilýär
11.07.2025   252
Jemgyýet Ak bazarlardan baýramçylyk saçaklaryna
25.12.2025   154
image