Sogan ekilýär
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Sogan ekilýär

Ykdysadyýet
13.03.2025  288

Daşoguz welaýatynyň gök ekerançylary ilatyň gök önümler bilen ýeterlik üpjün edilmegi babatda öňde goýulýan wezipelerden ugur alyp, şu ýyl bol hasyly ýetişdirmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmaga aýratyn üns berýärler. Şeýlelikde, olar häzirki döwürde jemi 4400 gektar meýdana sogan ekmegi meýilleşdirmek bilen, bu ugurdaky işleri  ýokary işjeňlikde alyp barýarlar. Şonuň netijesinde her günde ýüzlerçe gektar meýdana sogan  tohumy ekilýär. Sogan ekişiniň Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, Akdepe etrabynyň «Şabat», Boldumsaz etrabynyň «Döwletli», Görogly etrabynyň H.Myradow adyndaky daýhan birleşiklerinde has-da guramaçylykly barýandygyny bellemek bolar. Welaýatyň gök ekerançylarynyň sogan ekişini ýokary depginde alyp barmaklary şu ýyl meýilnama boýunça 110 müň tonna soganyň ýygnalyp alynmagynyň esasy şertidir.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bol hasylyň binýady
09.10.2024   298
Ykdysadyýet Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary
22.07.2024   325
Ykdysadyýet Suw bolçulygyna goşant
29.08.2024   298
Ykdysadyýet Geň galdyrýan ösümlikler
17.11.2025   174
Ykdysadyýet Ykdysady ulgamdaky sanly özgertmeler
12.06.2023   393
Ykdysadyýet Gallaçylarynyň zähmet üstünligi
27.06.2026   75
Ykdysadyýet Bag hakda, bagban hakda
14.11.2025   166
image