Nowruz baýramçylygynda tebigatyň täzelenmegi, täze Günüň dogmagy bilen baglanyşykly dürli tagamlar bişirilýär. Nowruzda bişirilýän ajaýyp tagamlar hakda halkyň içinde dürli rowaýatlar aýdylýar. Şolaryň biri-de semeni tagamy baradaky rowaýatdyr. Ol nesilden-nesle geçip, medeni mirasymyzyň bir ülşi hökmünde biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.
Bir daýhan baharyň gelmegi bilen, tohum üçin alyp goýan dänesini suwa ezip goýupdyr. Emma howa birden üýtgäp, ýagyş ýagyp başlapdyr. Bugdaý ezilen gabynda şineläp ugrapdyr. Daýhan bolsa oglan-uşagyň aç oturan wagtynda ezip goýan we eýýäm şinelän dänesiniň zaýa bolmazlygy üçin ondan bir zat bişirmegi makul bilipdir. Daýhan «Töwekgeliň işi şowuna» diýip, şinelän bugdaýy gazana salyp, köp wagtlap gaýnadypdyr. Ahyry gaýnatmakdan ýadan daýhan gazanyň gapagyny berk ýapyp, uka gidipdir. Daýhan ertesi ir bilen gazanyň gapagyny açyp görse, ýakymly ys töweregi gurşap alypdyr. Ol gazandaky nahary dadyp görse, örän tagamlymyş. Bu nahary iýenler uzak wagtlap onuň tagamyny unutmandyr. Geljek ýyl baharda daýhanyň çagalarynyň ýene-de şol nahardan iýesleri gelipdir. Şeýdip halkyň arasynda semeni tagamyny bişirmek dessury peýda bolupdyr. Bu tagam halkyň arasynda giňden ýaýrap, Nowruz baýramynyň lezzetli tagamyna öwrülipdir.
Halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny ösdürmek, kämilleşdirmek we geljekki nesle ýetirmek ugrunda uly tutumly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!