Şatlyk-şowhuna beslenen dabara
weather dashoguz 40° C Daşoguz

Şatlyk-şowhuna beslenen dabara

Jemgyýet
01.06.2026  66

Ýylyň-ýylyna bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralar Daşoguz welaýatynda hem giň gerime eýe boldy. Daşoguz şäherindäki aýdym-saz merkezinde geçirilen baýramçylyk dabaralary bagtyýar çagalar üçin ýakymly, ýatdagalyjy pursatlaryň birine öwrüldi. Ir säher bilen seýilbaga dürli reňkli şarjagazlary ellerinde galgadyp gelýän çagajyklaryň şadyýan gülki-sesleri baýramçylygyň şatlyk-şagalaňyny has-da artdyrdy. Olar aýdym-saz merkeziniň giň meýdançasynda asfaltyň üstüne dürli suratlary çekdiler. Soňra bagtyýar çagalar ýanýoda bilen aýdym-saz merkeziniň ýanyna geldiler. Bu ýerde ertekileriň gahrymanlarynyň ajaýyp keşbi çagalarda uly täsir galdyrdy.Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaralary aýdym-saz merkeziniň ajaýyp sahnasynda dowam etdi. Onda bagtyýar balalar döwrebap egin-eşiklerde çykyşlaryny görkezdiler.

Şatlykly pursatlarda bagtyýar çagalygyň, ajaýyp döwrümiziň waspy uly joşgun bilen beýan edildi. Dabara gatnaşan çagalara welaýatyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

***

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary welaýatyň ähli etraplarynda hem ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Maňlaýa sylmaly mukaddeslikler
21.01.2025   327
Jemgyýet Döwlet baýdagyndan tanalýar
12.05.2026   69
Jemgyýet Kitap seniň dostuňdyr
06.11.2025   184
Jemgyýet Döwürden galkynýan obalar
31.03.2026   103
Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy
21.02.2025   306
Jemgyýet Milli buýsanjymyza hormat
22.10.2024   337
Jemgyýet Ajaýyp eseriň gymmaty wagyz edildi
28.12.2024   403
image