Şatlyga beslenýän günler
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Şatlyga beslenýän günler

Sport
24.06.2024  73

Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmeklerini gazanmak, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda sportuň futbol, basketbol, woleýbol, küşt ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlar guramaçylykly geçirildi. Ýaryşlarda çagalar öz aralarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlara bölünip bäsleşdiler. Bu bäsleşikler çagalarda ýakymly täsirleri galdyryp, olaryň sporta bolan höweslerini has-da artdyrdy. Çekeleşikli we guramaçylykly geçen ýaryşlarda ýeňiji diýlip yglan edilen toparlara welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
13.02.2023   77
Sport Paýhas oýnunda bäsleşdiler
18.11.2024   40
Sport Gyzykly geçen ýaryş
23.11.2024   43
Sport Türkmenistan — sport ýurdy
26.03.2024   81
Sport Talyplar  bäsleşdiler
14.03.2024   65
Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
14.11.2024   53
image