Şat dünýäniň saýrak bilbilleri
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Şat dünýäniň saýrak bilbilleri

Medeniýet
17.04.2024  554

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň aýdym-saza, medeniýete we sungata bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, bäsleşikler, ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Indi birnäçe ýyl bäri halkymyzyň söýgüsini gazanan, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän ýaş zehinleriň arasynda yglan edilen  «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşik hem körpe nesilleriň arasyndan ençeme zehinleri ýüze çykardy.

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirilip, oňa zehinli çagalar işjeň gatnaşdylar. Olar özleriniň çykyşlarynda bagtyýar çagalygy, ata Watanymyzyň ösüşlerini joşgunly wasp etdiler. Kalba joşgun eçilýän çykyşlaryň dowamynda nusgawy aýdym-saz eserleriniň bagtyýar körpeler tarapyndan döwrebap derejede ýerine ýetirilmegi has-da täsirli boldy. Dürli dillerde ýaňlanan aýdymlarda dost-doganlygyň, parahatçylygyň waspy belentden ýaňlandy. Çagalar tans toparlarynyň taýýarlan joşgunly tanslary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Biri-birinden höwesli, biri-birinden erjel ýaşajyk zehinleriň çykyşlaryna eminler topary tarapyndan degişli baha berildi. Şunda çagalaryň sahnada özlerini alyp baryşlaryna, ýerine ýetirijilik ussatlygyna seredildi.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Keteni
13.10.2025   189
Medeniýet «Çalsana, bagşy!»
25.04.2024   561
Medeniýet Edebiýatyň parlak ýyldyzy
13.05.2024   519
Medeniýet Ynsanperwerligiň beýik waspçysy
22.08.2024   497
Medeniýet Bagşyçylygyň gadymy ojagy
17.06.2024   467
Medeniýet Dost-doganlyk mukamlary ýaňlandy
17.04.2024   471
Medeniýet Watanyň waspçy gyzy
13.01.2025   425
Medeniýet Geçmişden gaýdan owaz
02.03.2026   84
image