Ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklarynyň biri juwazdyr. Juwaz künjüden, gawun çigidinden, zygyrdan ýag almak üçin hem peýdalanylypdyr. Halk arasynda juwaz hakynda:
Sary maýam çöküp otyr,
Iç ýagyny döküp otyr —
ýa-da:
Öküz-öküz aýlanar,
Dünýä sekiz aýlanar —
ýaly matallar hem döräpdir.
Juwaza düýe, at ýaly mal goşulyp işledilýär. Juwazyň ýerleşdirilen tamyna «juwaztam», juwaz işledýän adama bolsa, «juwazçy» diýilýär. Juwazyň sokusy tamyň ortasynda dikilipdir. Juwaztamyň giňligi onuň töwereginden juwaza goşulan iş maly arkaýyn aýlanyp biler ýaly hem-de juwaza degişli enjamlar ýerleşer ýaly ululykda bolupdyr.
Juwazyň iň esasy bölegi onuň sokusydyr. Onda künjüden we beýleki dänelerden owulyp ýag çykarylypdyr. Juwaz sokusyna guýlan künjiniň owulýan ýerine kersen diýilýär.
Sokynyň agzy 70 — 80 santimetr giňlikde, 4-5 santimetr çuňlukda däne guýlar ýaly erňek edilip köwülýär. Oňa birbada 9 — 12 kilograma çenli künji guýulýar. Okunyň aýlanmagy bilen, däne owulyp başlanýar.
Rowaýata görä, juwazyň piri Hoja Hoş Noýybabanyň juwazy ýag bermändir. Ol hünäriniň başa barmandygyna gynanyp, Allatagala nalyş edip aglapdyr. Şonda onuň gözünden akan ýaş juwazyň sokusyna damypdyr we ýag çykyp başlapdyr. Şondan soň, ol soka guýlan künjä suw sepmelidigini bilipdir.
Gyş günleri howanyň sowuk bolýandygy üçin ýaz aýlaryna seredeniňde, juwaz haýalrak gyzýar. Ol oňat gyzmasa-da, künji ýagy gowy alynmaýar. Şonuň üçin gyş aýlary juwazda ýag çykarmak, tomus paslyna seredeniňde, köp wagty talap edýär.
Her günde juwazdan 350 kilogram künjüden 190 litr töweregi ýag alynýar. Künji ýenjiliberende üstüne iki goşawuç suw sepilýär. Oňa gaýnar suw diýilýär. Juwaza goşulan mal 300 — 400 gezek aýlanandan soň, juwazdaky künjiniň köp bölegi döwlüp, talhan bolýar, ýene-de suw berilýär, soň ýag inýär. Künji bulamak ýaly çaýkanyp ugraýar. Soňra agaçdan ýasalýan «humarça» diýen ýörite gap bilen ýagy az-azdan susup alýarlar.