Türkmen halky gadymyýetden bedew atlary özleriniň göz - guwanjy hem wepaly dosty hasaplapdyr. Taryha ser salsaň her bir türkmen ýigidiniň ahalteke bedewi bolupdyr. Atlary seýislemegi, serenjam bermegi, olary dürli şaý-sepleri bilen bezäp apalan atşynaslar bedewleriň gylyk-häsiýetlerine belet bolup, olar bilen syrlaşmagy hem başarypdyrlar. Halkymyzda şu nukdaýnazardan «Atdyr ýigidiň ýoldaşy» diýen aýtgy hem ýönelige dörän bolmasa gerek. Çünki dartgynly söweşlerde, öý-hojalyk işlerinde, alys ýerlere gidilende, çopançylykda, umuman, haýsy ugry alyp görseň hem ahalteke bedewleri eýesiniň wepaly syrdaşy, ýolbeledi bolup gelipdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri toýdur-baýramlarymyzyň bezegidir. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ata Watanymyzda her ýyl döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi, onuň çäklerinde dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň yzygiderli guralmagy bolsa bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň näderejede beýikdigini alamatlandyrýar. Köptaraply taryhy medeniýetiň eýesi bolan türkmen halky şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp atşynaslyk sungaty bilen göreni haýrana goýýar. Kämilligiň beýik nusgasyny peşgeş beren türkmen halky wepaly, çydamly, ýyndam bedewleriň saýlama tohumlaryny-da döredipdirler. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda atlaryň döreýşi, ösdürilip ýetişdirilişi, gylyk-häsiýetleri, türkmeniň seýisçilik sungaty we başga-da birnäçe tilsimleri ussatlyk bilen ele alyp, asyrlarboýy ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny saklamak üçin içgin aladalanypdyrlar. Asyl ganly tohum atlar gözüň göreji ýaly aýalypdyr. Olaryň ata we ene tarapynyň ýedi arkasynyň arassa ganlylygy hem berk yzarlanypdyr. Tohum atlaryň iýmitlendirilişi hem beýleki atlardan tapawutly bolupdyr.
Adamzadyň wepaly dosty, aýrylmaz ýoldaşy hem-de ýakyn syrdaşy hasaplanýan bedewlerimiziň waspy nusgawy edebiýatymyzda hem mynasyp orun alyp, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden ajaýyp eserlerinde öz beýanyny tapýar. Munuň şeýledigini akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Aty gerek» goşgusynyň:
At gazanan goç ýigidiň,
Owal bedew aty gerek —
diýen setirlerinde hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň «Üsti bedewiň» goşgusynyň:
Münende şaý bolsa tükel esbaby,
Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.
Jul eýleseň, atlaz ile zerbaby,
Şonda biarmandyr üsti bedewiň.
Bedew münen deh diýip, girer oýuna,
Ony gören gözler ajap söýüne,
Berip alsaň ýüz müň düýe-goýuna,
Şonda-da arzandyr üsti bedewiň —
diýen bentleri hem tassyklaýar.
«Görogly» şadessanynda bedew atyň keşbi çeperçilik bilen açylyp görkezilýär. Ýagny Göroglynyň ýakyn hemrasy, syrdaş dosty bolan Gyrat onuň üçin örän gymmatly daýanç bolupdyr. Şadessanda:
Çandybile az galypdyr aramyz,
Hakyň takdyryna nedir çärämiz,
On sekiz ýerimizden düşdi ýaramyz,
Gyrat meni Çandybile sen ýetir! —
diýip bedew atyna ýüzlenýär. Bu bolsa olaryň arasyndaky ýakynlygy hem-de birek-birek bilen düşünişip bilýändigini alamatlandyrýar.
Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak barada yzygiderli aladalar edilýär. Şonuň netijesinde hem Döwlet tugramyzyň bezegi bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan behişdi bedewleri oňat seýisläp, köpeltmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär.