Sapaly kenaryň ajaýyp goýnunda
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Sapaly kenaryň ajaýyp goýnunda

Jemgyýet
20.11.2024  353

Gojaman Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ildeşlerimiziň göwnejaý dynç almagy we ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň giňeldilmegi babatynda durmuşa geçirilen iri taslamalaryň biridir. Syýahatçylygyň merjeni hasaplanýan bu ajaýyp künjekde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň garamagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezi watandaşlarymyzyň ýokary derejede dynç alýan mesgenleriniň biridir. Bu ýerde TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Kärdeşler arkalaşyklarynyň döwrebap wezipeleri» atly okuw maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

«Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda ençeme çäreler guraldy. Merkeziň mejlisler zalynda geçirilen maslahatyň dowamynda edilen buýsançly çykyşlarda halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň  Prezidentine alkyş sözleri beýan edildi.

Okuw maslahatynyň dowamynda geçirilen çäreler zähmet bilen dynç alşyň utgaşmasy hökmünde oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu bolsa ýurdumyzda adamlaryň göwnejaý dynç almagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň nyşanydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Watan goragy ygtybarly gollarda
27.01.2026   84
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
10.01.2025   352
Jemgyýet Belent maksatly Watan
01.01.2026   98
Jemgyýet Bagtyýar zenanlaryň üstünligi
23.10.2025   214
Jemgyýet Düýe çaly melhemdir
02.10.2025   150
image