Sapaly dynç alyş möwsümine badalga
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Sapaly dynç alyş möwsümine badalga

Jemgyýet
01.06.2026  46

Berkarar döwletimizde bagtyýar çagalaryň şadyýan gülki sesleri degre-daşymyzy gurşap alýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy bilen bir hatarda, sapaly dynç almagy üçin hem uly alada edilýär. Tomusky dynç alyş möwsüminiň gelmegi bilen, Daşoguz welaýatynda-da çagalary sagaldyş-dynç alyş merkezlerine ugradyş dabaralary ýokary ruhubelentlige beslendi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň tomus paslyny mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesi Awazanyň «Daşoguz» sagaldyş-dynç alyş merkezinde, welaýatda ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde şatlyk-şowhunly, sapaly geçirerler. Bagtyýar çagalaryň ençemesi Gökderede dynç alarlar.

Daşoguz welaýat kitaphanasynyň öňünde welaýat häkimliginiň, Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda ilkinji tapgyrda dynç alşa gidýän çagalary ugradyş dabarasy boldy. Bagtyýar çagalar kitaphananyň bölümlerine aýlanyp, ajaýyp eserler bilen tanyşdylar. Olar kitaphananyň obserwatoriýasyna hem aýlanyp gördüler.

Soňra dynç alşa ugraýan bagtyýar çagalar joşgunly aýdym-sazyň astynda dürli şarlar, owadan suratlar bilen ýörite bezelen awtobuslara münüp ýola düşdüler. Olar ýolboýy şäherimiziň görküne görk goşup oturan döwrebap binalary synladylar. Bagtyýar çagalar Daşoguz atçylyk sport toplumyna baryp, ol ýerde milli buýsanjymyz bolan bedew atlarymyzy hem-de ýaşajyk taýçanagy uly höwes bilen synladylar. Soňra bagtyýar çagalaryň ençemesi Daşoguz halkara howa menzilinden uçarda Awazadaky, Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine, bir topary bolsa welaýatdaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine ugradylar.

«Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine gelen körpeler merkeziň mugallymlary we terbiýeçileri tarapyndan güler ýüz bilen garşylanyldy. Göwün göteriji aýdym-sazyň owazy bilen çagalar merkeziň ähli amatlyklary bolan tämiz otaglaryna ýerleşdiler. Merkeziň aýdym-saz, kompýuter otaglary, sport meýdançalary, suwa düşülýän howuzlary çagalaryň hyzmatynda bolar. Bu ýerde çagalaryň gatnaşmagynda medeni-köpçülikleýin çäreleriň birnäçesi geçiriler. Olar taryhy ýerlere, tebigatyň gözel künjeklerine gezelençler gurap, wagtlaryny şadyýan, baý many-mazmunly geçirerler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Täze ýyl baýramçylyk agşamy
30.12.2025   150
Jemgyýet Bagtyýar çagalar bäsleşdiler
08.07.2026   44
Jemgyýet Çaý
29.07.2025   185
Jemgyýet Ynsan-gymmatly baýlyk
15.09.2025   169
Jemgyýet Parahatçylygyň kepili
18.07.2025   253
image