Şany dünýä dolan söz ussady
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Şany dünýä dolan söz ussady

Syýasat
21.05.2024  138

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde täze taryhy eýýamda toýlar toýlara ulaşýar. Ata Watanymyzyň taryhynda möhüm wakalara, şanly senelere beslenýän 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilmegi her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň uly dabaralara beslenen günlerinde akyldar şahyryň goşgulary ýerleşdirilen «Magtymguly» atly sowgatlyk kitabyň neşir edilmegi hem-de paýtagtymyzyň gözel künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we adybir medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Şu ýylyň 17-nji maýynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we Magtymguly Pyragynyň 60 metr beýiklikdäki heýkeliniň açylyş dabarasy hem şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň birine öwrüldi. Bu taryhy-syýasy ähmiýetli dabara Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, bagtyýar raýatlarymyz bilen birlikde daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri we dünýäniň çar ýanyndan gelen myhmanlar hem gatnaşdylar.

image