Şanly ýylyň taryhy ähmiýeti wagyz edildi
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Şanly ýylyň taryhy ähmiýeti wagyz edildi

Jemgyýet
03.03.2025  323

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny giňden dabaralandyrmak, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Parahatlyk, dost-doganlyk, jebislik — berkarar Watanyň beýik şygary» diýen at bilen maslahat geçirildi.

«Daşoguz» myhmanhanasynyň mejlisler eýwanynda geçirilen maslahata dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.  Çykyşlaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň hemişelik Bitaraplygymyz hakyndaky düşünjelerini ösdürmek, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek babatynda beren gymmatly maslahatlarynyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtadylar. Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilýän Kararnamalar parahatçylyga, adamzadyň bagtyýar geljegine gönükdirilendir. Çykyş edenler şular barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ýaşlara raýatlyk pasporty gowşuryldy
14.05.2026   19
Jemgyýet Maňlaýa sylmaly mukaddeslikler
21.01.2025   274
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
25.11.2024   297
Jemgyýet Belent mertebedir, Watan goragy
28.01.2026   64
Jemgyýet Ýurdumyzyň beýik geljegini gurujylar
20.08.2025   174
Jemgyýet Pyragynyň zybanynda tebigatyň waspy
30.10.2024   352
Jemgyýet Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň binýady
09.04.2026   45
image