Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda-da 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär.
Barha rowaçlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhubelentliginiň, şan-şöhratynyň has-da ýokary göterilmegine goşant goşmak maksadynda, Daşoguz şäher häkimligi golaýda «Bedew batly Watanym, toý-baýramlaryň mekany» atly aýdym-sazly dabara gurady. Oňa şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mährem eneler, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda zähmet çekýän adamlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler şu ajaýyp ýylyň ilkinji günlerden şanly wakalara, uly üstünliklere beslenýändigini, munuň şeýledigini jahan Sirk sungatynyň ösüşine goşandy üçin ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň abraýly halkara guramalaryň ýörite şahadatnamalaryna mynasyp bolmagynyň anyk tassyklaýandygyny guwanç bilen bellediler hem-de öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Dabarada medeniýet işgärleriniň ata Watanymyzyň ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp edýän aýdym-sazlary ýygnananlara uly ruhy lezzet berip, olaryň göwünlerini galkyndyrdy.