Şanly ýylyň şanyna
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Şanly ýylyň şanyna

Jemgyýet
10.04.2026  33

Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň, «Daşoguz habarlary» gazetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynyň eýwanynda «Ýylymyzyň şygary — ruhubelentligiň we ösüşiň gözbaşy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Oňa welaýat kitaphanasynyň işgärleri hem gatnaşdylar.

Söhbetdeşlikde welaýat kitaphanasynyň direktory Ogulhan Mätdurdyýewa, «Daşoguz habarlary» gazetiniň döredijilik işgärleri Gözel Seýidowa, Zebo Babajanowa, TAP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uludan toýlanyljak  ýylyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip at berilmeginiň aýratyn çuň many-mazmuna eýedigini hem-de ata Watanymyzda bedew batly ösüşleriň, özgerişleriň gazanylýandygyny, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini uly buýsanç bilen nygtadylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
29.10.2024   329
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyry
31.10.2024   363
Jemgyýet Arkadagyň dünýä uzan ak ýoly
19.03.2025   281
Jemgyýet Bitaraplygyň  röwşen gadamlary
17.05.2025   268
Jemgyýet Ýol abat — il abat
17.09.2025   131
image