TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dabarasyny has-da ýokary götermek maksadynda, «Ösüşiň bedew batly gadamlary» atly maslahat gurady. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri, pudaklaýyn geňeşleriň, KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler barha rowaçlanýan ýylyň öz adyna mynasyp ösüşlere, şanly wakalara beslenýändigini, halkymyzyň ruhubelentligini, bagtyýar durmuşa bolan buýsanjyny artdyrýandygyny bellediler.