Şanly ýylyň ruhy joşguny
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Şanly ýylyň ruhy joşguny

Jemgyýet
13.08.2025  172

Ösüş, özgeriş döwür bilen baglanyşykly. Bu hakykata Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň belent ösüşlere, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýändiginiň mysalynda aýdyň göz ýetirmek mümkin. Ajaýyp döwür galkynan göwünlere ganat, döredijilik bilen meşgullanýanlara ylham bagyşlaýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34, baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý-dabaralary güneşli Diýarymyzyň ähli künjegini uly ruhubelentlige besleýär.

Ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, amala aşyrylýan beýik işler bilen şanly ýylymyz has-da dabaralandyrylýar. Il-günümiz üçin bu arzyly senelere ähli ulgamlardyr pudaklar zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň  Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň agzybir döredijilik topary hem many-mazmunly sahna oýunlary tomaşaçylara hödürlemek bilen, şanly ýylyň bütin dowamynda toý ruhubelentligini döredip gelýärler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda teatrda amala aşyrylan işler hem-de şanly ýylda belleniljek seneler mynasybetli sahnalaşdyrylmagy meýilleşdirilýän spektakllar hakynda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň režissýory Guwanç Baýmetow sheýle gürrüň berdi — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda teatryň sahnasynda umumadamzat ähmiýetli meseleleri gozgaýan spektakllaryň ençemesi tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlenildi. Ilki bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, TKA-nyň Milli merkeziniň, TZB-niň Merkezi geňeşiniň ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan eden «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşigine teatrymyz tarapyndan hödürlenen «Ejekejan» atly spektakl hakynda aýratyn nygtamak isleýärin. Oýun goýujy režissýor Bekmyrat Hallyýewiň sahnalaşdyran spektaklynda keşp janlandyran Aýjahan Berdiýewa bu bäsleşikde Hormat haty bilen sylaglanyldy. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli sahnalaşdyrylan «Galkynan göwünler» atly komediýa gülküli wakalara baý bolup, deslapky teatr möwsüminde öz janköýer tomaşaçylaryna mynasyp boldy. Hemra Dowlyýewiň ilkinji gezek sahnalaşdyran «Batyr towşanjyk» spektakly bolsa körpe tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.

Teatryň döredijilik meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda tutulýan toý-baýramlar mynasybetli edebi-sazly sahnalar, orkestriň hasabat konsertleri bilen yzygiderli çykyş edýäris. Muňa mysal edip, şu ýyl welaýatymyzda geçen «Alpamyş» eposynyň türkmen mirasyndaky orny» atly aýdym-sazly dostluk dabarasynda teatryň agzybir işgärleriniň adybir dessandan parçalary sahnalaşdyrandyklaryny bellemek bolar. Sentýabr aýynda badalga beriljek teatr möwsüminde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň edebi eseri esasynda «Şyrak» atly täze spektaklyň ilkinji görkezilişi bolar. Watançylyk-gahrymançylyk mowzugyndan söhbet açýan bu spektakl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde tomaşaçylara görkeziler. Teatrymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dabaraly belleniljek baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna hem mynasyp sowgatly barýar. Teatryň döredijilik topary baýram mynasybetli dünýäniň nusgawy spektakllaryny sahnalaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gül zeminiň zynaty
07.03.2026   53
Jemgyýet Şadyýan gyzjagazyň üstünligi
19.03.2024   484
Jemgyýet Baky bagtyýarlygyň binýady
15.05.2026   7
Jemgyýet Çagalaryň baýramçylyk çykyşlary
09.03.2026   51
Jemgyýet Taýagyň düşen ýeri
30.01.2026   74
Jemgyýet Şadyýan tomus
23.06.2025   208
Jemgyýet «Täze güni» buşlaýan sene
21.03.2024   395
image