«Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Daşoguz welaýatynda guralýan dabaralarda, maslahatlarda we aýdym-sazly medeni çärelerde täze taryhy döwrüň belent ruhy joşguny öz beýanyny tapýar.
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramagynda «Dana Pyragynyň belent sarpasy — galkynyşly döwrüň pähim-paýhasy» atly şygar bilen geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaralandyrmak, şahyryň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygy dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Şeýle hem şanly ýylyň bütin dowamynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalaryň mazmunynda täze taryhy döwrüň belent ruhunyň aýdyň şöhlelenýändigi hakynda buýsançly söhbetlere giň orun berildi.