Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk diplomatiýasy — özara bähbitli hyzmatdaşlygyň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini, parahatçylygyň we ynanyşmagyň adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, olaryň häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgelerine öwrülýändigini aýratyn bellediler. Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygyny nygtadylar.
Maslahatyň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylara uly şatlyk paýlady.