Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ösüş-özgerişlere, taryhy ähmiýetli şanly wakalara beslenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ýurdumyzda gazanylýan zähmet üstünlikleri, amala aşyrylýan beýik işler bilen has-da dabaralanýar. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň agzybir döredijilik topary hem öz sahna oýunlary bilen şanly ýyly giňden dabaralandyrmaga uly goşant goşýar. Bu babatda teatryň režissýory Guwanç Baýmetow bilen şeýle gürrüň berýär:
—«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly turuwbaşdan şanly, taryhy wakalara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uludan tutuljak bu ýyl ýatda galyjy ýyllaryň birine öwrüler. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Merdan Çarymuhammedowyň «Seýis» atly eserini sahnalaşdyrdym. Ilki bilen, bu spektakl barada kelam agyz söz aýtmakçy. Onda halkymyzyň göz-guwanjy, buýsanjy, milli baýlygy hasaplanylýan bedewlerimiziň ynsan bilen çyn dostlugy, wepalylygy hem-de düşbüligi, akyllylygy ör-boýuna galýar.
Spektaklyň baş gahrymany Mälik seýis bolup, onuň atlary seýislemekde at-owazasy çarýana ýaýraýar. Seýsiň Ülker atly bedewi owadanlykda, ýyndamlykda, düşbülikde görenleri haýrana goýýar. Ülker keseki han tarapyndan satyn alynmaga soralanda, Mälik seýis çyn dostuň, gardaşyň hiç haçan satylmaýandygyny aýdýar. Türkmen bedewiniň bahasyz baýlykdygyny tekrarlaýar. Ýöne niýeti ýaman adamlar muňa düşünmeýär. Şunlukda, bu ajaýyp bedewi ogurlaýarlar. Mälik seýis gije-gündiz diýmän, çöller aşyp, ýollar geçip, Ülkeriň idegine çykýar. Ol ahyry atyny ogurlan galtamanbaşyny tapyp, onuň ýanyna baryp, atyny alyp gaýtmakçy bolanda, galtamanbaşy ony bermeýär. Ol şonda aty bilen didarlaşmaga rugsat soraýar. Galtamanbaşy muňa razylyk berýär. Mälik seýis ýany bilen getiren bir gysym topragyny Ülkeriň toýnagynyň aşagyna seçýär welin, duýgur janawar ene topragyna, eýesine bolan söýgüsini mesaňa bildirýär. Şonda Mälik seýis atyna: «Men saňa garaşýandyryn» diýip aýdýar. Mälik öýüne gaýdyp gelende, gelni Aýgül özüniň hamyladygyny duýdurýar. Tukat bolup gelen Mälik bu hoş habara begenip durka-da, atyň toýnak sesiniň gelýändigini aýdýarlar. Şol barmana-da Ülkeriň gazygyna, öýüne dolanandygyny goňşular buşlaýarlar. Elbetde, bedewe ýöne ýere ynsan gylykly diýilmeýänligi hem şu ýerde bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.
Mälik seýsiň keşbini Begli Dowlyýew, gelni Aýgülüň keşbini Nurjemal Hydyrowa, enesiniň keşbini Narjan Hallakowa, galtamanbaşynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Babadurdy Babaýew, jansyz jerçiniň keşbini bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Halmyrat Şyhyýew ýaly ussat artistler ýerine ýetirýärler.
Bu spektakl hem tomaşaçylaryň göwünsöýen oýunlarynyň biri bolar diýip hasaplaýaryn. Dramaturg Aşyr Mämiliýewiň «Söýgi duralgasy» dramasyny hem tomaşaçylaryň dykgatyna ýetireris.
Ýurdumyzyň belli ýazyjy-dramaturglary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarys. Ýagny olardan Gowşutgeldi Daňatarow, Döwrangeldi Agalyýew, Hemra Şirow, Nurmyrat Ataýew, Annaberdi Goçamanow dagyny agzap geçsek has ýerlikli bolar. Şu ýylyň dowamynda ýazyjy Hemra Şirowyň «Iki ýegre dost» atly eserini, «Göroglynyň» «Harmandäli» şahasyny sahnalaşdyryp, tomaşaçylara ýetirmekçi. Harmandäliniň keşbini Gurbanjemal Gaýypowa ýerine ýetirer. Bu hem şowly sahna oýunlarynyň biri bolar.
Biz teatryň döredijilik meýilnamasyna laýyklykda, mähriban Watanymyzda tutulýan toý-baýramlar mynasybetli edebi-sazly sahnalar, orkestriň hasabat konsertleri bilen yzygiderli çykyşlary guraýarys. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem sowgatly barýarys.