Şanly ýylymyzyň waspçylary
weather dashoguz -2° C Daşoguz

Şanly ýylymyzyň waspçylary

Jemgyýet
17.12.2024  256

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Magtymguly Pyragy —  umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda geçirilen bäsleşige TDP-niň işjeň agzalary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Bäsleşige hödürlenen makalalaryň many-mazmunyna we çeper beýan edilişine seljerme berlip, iň gowy eserler saýlanyp-seçilip alyndy. Şanly ýylymyzyň taryhy wakalaryny, ata Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini wasp etmekde bäsleşige gatnaşyjylar aýratyn işjeňlik görkezdiler.

Bäsleşikde ýeňijiler kesgitlenilip, olara TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň Hormat hatlary we sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Halk döredijiligi — egsilmez hazyna
03.06.2024   600
Jemgyýet Dabarasy dünýä dolan şanly ýyl
23.12.2025   35
Jemgyýet Gadymy senediň galkynyşy
27.03.2024   322
Jemgyýet Garaşsyzlyk — dilimiziň dessany
31.08.2024   1208
Jemgyýet Berk binýat
07.07.2025   146
Jemgyýet Bilimli nesil — Watanyň guwanjy
29.04.2024   335
Jemgyýet Hünärim bar — hormatym bar
16.01.2025   335
image