Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Birleşmäniň mejlisler zalynda geçirilen maslahata KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda edilen çykyşlaryň dowamynda her ýyly mynasyp atlandyrmagyň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigi bellenildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden belleniljek ýyly bolan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şanly ýylda il-ýurt bähbitli beýik işleriň, ýurdumyzyň parahatçylyga we dost-doganlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň älem içre dabaralanjakdygy barada çykyşlarda durlup geçildi.
Dabaraly maslahata gatnaşyjylar şanly ýylymyzyň hem göwün joşduryjy wakalara beslenip gelendigini nygtadylar. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze ýylyň garşylanýan günlerinde «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eseriniň çapdan çykmagynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny bellediler.