Şanly ýyla bagyşlandy
weather dashoguz 8° C Daşoguz

Şanly ýyla bagyşlandy

Jemgyýet
28.06.2025  206

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap geňeşi etrap häkimligi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, bilim, medeniýet, sport, saglyk ulgamlary bilen bilelikde etrabyň medeniýet öýünde «Ata ýurdum baky bagtyň mekany — ýaňlanyp dur parahatlyk mukamy» atly şygar astynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirdi. Oňa etrabyň il sylagly ýaşululary, mährem eneler, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler şanly ýylyň şygaryny dabaralandyrmak, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly geçirilýän medeni we syýasy çäreleriň mazmunyny halk arasynda wagyz etmek, geçirilýän çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän maslahatlar, sammitler, forumlar, olaryň ähmiýeti, halkymyzyň parahat, asuda, bolelin durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Maslahatyň dowamynda etrabyň medeniýet-sungat işgärleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna hem giň orun berildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Alma
01.04.2024   346
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
08.08.2025   129
Jemgyýet Ösüşiň täze menzillerine tarap
11.10.2025   107
Jemgyýet Ýurdumyzyň beýik geljegini gurujylar
20.08.2025   137
Jemgyýet Abadan durmuşyň kepili
10.12.2025   67
Jemgyýet Dabaraly duşuşyk
12.02.2023   300
Jemgyýet Beýik halkyň taryhy hem beýikdir
06.12.2024   283
image