Şanly ýyl üstünliklere beslenýär
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Şanly ýyl üstünliklere beslenýär

Jemgyýet
30.07.2026  52

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny dabaralandyrmaga, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzyň dürli pudaklarynda amala aşyrylan giň gerimli işleriň guwandyryjy netijelerine, bolup geçen ajaýyp wakalaryna bagyşlanyp, golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Oňa TSTP-niň Daşoguz welaýat, şäher komitetleriniň ýolbaşçylary, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, welaýatyň telekeçilik kärhanalarynyň, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ähli pudaklarda uly ösüşleriň gazanylýandygy, belent sepgitlere ýetilýändigi, munuň şeýledigini ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanylyp geçirilen giňişleýin mejlisinde aýdylanlaryň aýdyň tassyklaýandygyny guwanç bilen bellediler.

Çykyşlardan görnüşi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy uludan toýlanylýan şu ýylymyz ýatdan çykmajak taryhy wakalara, ähli pudaklarda, şol sanda telekeçilik ulgamynda gazanylýan uly ösüşlere, guwandyryjy öňegidişliklere beslenýär. Munuň özi ata Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagyna, kämil adamlar bolup ýetişmeklerine gönükdirilen işlere möhüm itergi berýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dabaraly maslahat
19.07.2025   215
Jemgyýet Döwlet baýdagyndan tanalýar
12.05.2026   69
Jemgyýet Halk döredijiliginde bedewiň waspy
20.07.2026   55
Jemgyýet Paýtagtymyz — ak bagtymyz
25.05.2026   84
Jemgyýet Awaza forumy: adamzadyň bähbidi üçin
25.07.2025   255
Jemgyýet Alabaýlara bagyşlanan sergi
25.10.2025   162
Jemgyýet Şanly ýylymyzyň waspçylary
17.12.2024   351
image