Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň binýady
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň binýady

Ykdysadyýet
10.07.2026  126

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz ösüşleriň aýdyň ýolundan barýar. Ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, sungatda, umuman, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň kuwwatlanmagyna, halkara derejesindäki abraýynyň has-da artmagyna giň ýol açýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ençeme desgalar, önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Bu binalar, ajaýyp desgalar milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlylygyny, beýik ösüşleriň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Bularyň ählisi ilatyň durmuşyny düýpli özgertmäge, ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga niýetlenendir.

Häzirki wagtda Türkmenistan täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, sanly ulgamy ösdürmegiň we innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň esasynda durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge niýetlenen ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we peýdalanylmagyna döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan möhüm ugurlary hökmünde aýratyn orun berilýär. Bu ugurda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi üçin durnukly ösüşe ýardam edýän netijeli ulgamlary döretmäge giň mümkinçilikler döredildi hem-de milli ykdysadyýetimiziň ilerledilmegini gazanmakda esasy wezipeler kesgitlenildi.

Sanly ulgamy döwrebap ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň köp ugurlarynda giň gerimli çäreler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Bu ugurda hünärmenleriň taýýarlanylmagy, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagy möhüm ähmiýete eýedir. Ykdysady syýasatyň täze tapgyry maksatnamalaýyn we uzak möhletleýin bähbitleri göz öňünde tutmak, ykdysady mümkinçilikleri artdyrmak maksady bilen, döwrüň iň ösen mümkinçiliklerini, ylmyň täze gazananlaryny nazarlaýar. Şunlukda, önümçilige sanly ulgamyň, döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ähmiýetli bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýär. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze döwrebap obalaryň we şäherçeleriň gurulmagy, halkymyz barada edilýän hemmetaraplaýyn aladalar ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlydygynyň aýdyň mysalydyr.

 

 

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gallaçylaryň armasy ýetirilýär
23.06.2026   133
Ykdysadyýet Ekinlere ideg edilýär
28.11.2025   192
Ykdysadyýet Sürüm ýokary depginde
12.07.2025   308
Ykdysadyýet Pileçileriň zähmet üstünligi
14.06.2025   266
Ykdysadyýet Bugdaý ekişiniň depgini ýokary
22.10.2025   231
Ykdysadyýet Bereketli hasyl ýetişdirilýär
09.02.2026   156
Ykdysadyýet Gowaçalar zyýan berijilerden goralýar
22.07.2026   109
Ykdysadyýet Ýaşyl öwüsýän meýdanlar
12.11.2024   334
image